1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Baş kanunymyza Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwleti dolandyran ýyllarynda alty gezek düzediş girizildi. 1999-njy ýylyň dekabrynda geçen Halk Maslahatynyň karary bilen Nyýazow çäklendirilmedik möhlete prezident bolmaga ygtyýar aldy.
Nyýazowyň islegi bilen döredilen, “iň ýokary häkimiýet” diýlip yglan edilen Halk Maslahaty merhum diktatoryň diktaturasyny berkitmäge kanuny serişdä öwrüldi, emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň şol döwürdäki Konstitusiýasy boýunça hem Halk Maslahatynyň prezidente çäklendirilmedik möhlete ýurdy dolandyrmaga kanuny hukuk bermäge ygtyýary ýokdy. Has dogrusy, Nyýazow öz göwün islegi bilen islendik wagt Halk Maslahatynyň üsti bilen üýtgedip duran “konstitusiýasyny” hem aýagasty etdi.
Aslynda Halk Maslahaty diýilýän iň ýokary häkimiýetiň diňe formal taýdan saýlanylýan, hakykatda bolsa ol diktator tarapyndan ylalaşylyp bellenilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň wekilleridi ýa-da Nyýazowyň diktaturasyny ýerlerde mahabatlandyrmaga göwünjeň adamlardy.
2002-nji ýylda Nyýazowyň janyna “kast edişlik” diýip at alan noýabr wakasyndan soň, Halk Maslahatynyň agzalarynyň sanyny Nyýazow 2,500-denem köpeltdi. Şeýtmek bilen ol “iň ýokary häkimiýetiň” agzalarynyň halkyň ähli gatlagyna wekilçilik edýändigini subut etmek isläne meňzeýär. Şol wakadan soň Halk Maslahaty Türkmenistanyň sud häkimiýetiniň ygtyýarlygyny hem öz eline alyp, “Nyýazowyň janyna “kast edişlige” gatnaşdy” diýlenleri Halk Maslahatynyň karary bilen ömürlik tussag etdi. 2002-nji ýylyň dekabrynda geçen Halk Maslahatynyň karary bilen Nyýazowyň syýasatyna tankydy garanlara “Watan dönügi” diýlen tagmany basmaga kanuny şert döredi.
Häkimiýetiň çalyşmagy bilen prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibine laýyklykda, Konstitusiýamyzyň täze redaksiýasyny halkara düzgünleri esasynda kabul etmek boýunça ýörite komissiýa döredildi. Resmi derejede aýdylyşyna görä, halkyň isleg-arzuwy netijesinde 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy kabul edildi. Konstitusiýanyň täze redaksiýasynda Halk Maslahatynyň iň ýokary häkimiýet hökmünde ýatyrylmagyny gutlamak gerek, şeýle-de Türkmenistanyň Mejlisiniň—Parlamentiniň deputatlarynyň sanynyň elliden bir ýüz ýigrimi bäşe ýetirilmegem guwandyryjy, üstünlikli özgerişdir.
Konstitusion sud gerek
Ýöne Konstitusiýamyzyň täze redaksiýasynda hem Konstitusion suduň bolmazlygy gynandyryjy bir ýagdaýdyr. Çünki raýatlarymyzyň her ädimde diýen ýaly aýagasty edilýän konstitusion hukugyny goraýan sud häkimiýetiniň bolmazlygy Baş kanunymyzyň kagyz ýüzünde hereket etmegine sebäp bolýar. Şonuň üçin raýatlarymyzyň hukugyny goramak isleýän bolsak, tizden tiz Baş kanunymyzyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän, onuň maddalaryny aýagasty edýän islendik adama kanuny höküm çykarýan Konstitusion suduň dikeldilmegi derwaýysdyr.
Konstitusiýamyzyň täze redaksiýasyna, esasan, oňyn özgerişlikleriň girizilendigine garamazdan, käbir gümürtik maddalaryň, düzgünleriň girizilendiginem aýtmak gerek. Mysal üçin, 2002-nji ýylyň noýabr wakasyndan soň, Nyýazowyň görkezmesi bilen Döwlet Howpsuzlyk geňeşi döredildi. Bu geňeş hamana döwlet agdarylyşygy edilen halatynda derhal ýygnanyp, Halk Maslahatyny tizden-tiz çagyryp, döwlet agdarylyşygyny eden toparyň bikanundygyny halka hem dünýä jemgyýetçiligine äşgär etmelidi. Onuň şondan başga hukugy ýok diýerlikdi.
Baş kanunymyzyň täze radaksiýasynyň 57-nji maddasynda bolsa prezident haýsydyr bir sebäbe görä, wezipesini ýerine ýetirip bilmese, Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň çözgüdi bilen wagtlaýyn prezident wezipesine ýerine ýetiriji bellenýär. Bilşimiz ýaly, öňki Konstitusiýada prezident wezipesini haýsydyr bir sebäbe görä, ýerine ýetirip bilmese, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy iň ýokary wezipäni ýerine ýetiriji bolýardy. Şu jähtden Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň kanuny çözgüt çykarmagy gynandyryjydyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynda hem prezidentlige dalaş etjek adamlaryň mümkin bolan derejede öňüne böwet basylmagy hem halkara düzgünlerine tersdir. Dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň Konstitusiýasynda döwlet ýolbaşçysynyň iki möhlet bolup bilýändigi anyk ýazylan bolsa-da, biziň Konstitusiýamyzyň täze redaksiýasynda hem prezident bolmaklygyň möhletiniň çäklendirilmedikdigi şol bir adamyň töwerek-daşyna ýaranjaňlary jemläp, mümkin bolan derejede uzak möhletleýin prezident bolmagyna şert döredýär, gynansagam, bu ýagdaý halkyň kanuny esasda döwlet ýolbaşçysyny çalşyp bilmegini çäklendirýär.
Şu ýylyň 8-nji iýulynda geçiren Minitrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Berdimuhamedow döwlet ýolbaşçysy hökmünde geljek ýyl geçiriljek prezident saýlawlarynyň adalatly geçirilip, oppozisiýanyňam bu saýlawa gatnaşyp biljekdigini kepillendirdi. Şonuň üçin prezidentiň kepillendirişi ýaly, Konstitusiýamyzyň täze redaksiýasynda prezident saýlawlaryna gatnaşmak isleýänleriň hemmesine deň şert döredýän kanuny esaslar döredilmelidir. Ýöne her niçigem bolsa, Konstitusiýamyzyň resmi derejede aýdylyşy ýaly, täze redaksiýasynyň Nyýazow döwrüniň Konstitusiýasyndan kämildigini aýtmak gerek, ýöne bu Baş kanunymyzyň halkara düzgünlerine gabat gelmegi üçin agzalan kemçilikleri nazarda tutup, oňa düzediş girizilmegi zerur, esasan hem, Konstitusiýamyzyň kagyz ýüzünde galman, onuň hökmürowanlygy dabaralansa, “Döwlet adam üçindir!” diýilýän şygara şübhelenmese bolar.
Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.