Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň doňdurylan milliardlarça dollary açylýar


60 ýurduň, şeýle hem BMG-niň, ÝB-niň, Afrika Bileleşginiň we Arap Ligasynyň wekilleri penşenbe güni Parižde “Liwiýanyň dostlary” atly maslahata gatnaşdylar.
60 ýurduň, şeýle hem BMG-niň, ÝB-niň, Afrika Bileleşginiň we Arap Ligasynyň wekilleri penşenbe güni Parižde “Liwiýanyň dostlary” atly maslahata gatnaşdylar.
Kaddafiniň zalym hökümdarlygynyň 42-nji ýyllygynyň bellenmeli güni dünýä liderleri Milli geçiş geňeşiniň ýolbaşçylygynda Liwiýanyň täzeden gurulmagyny goldamagy wada etdiler.

60 ýurduň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Afrika Bileleşginiň we Arap Ligasynyň wekilleri penşenbe güni Parižde “Liwiýanyň dostlary” atly maslahata gatnaşdylar. Bu maslahatdan maksat Kaddafiden soňky döwür üçin ýurduň geljeginiň ugurlaryny kesgitlemekdi.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron maslahatda eden çykyşynda: “Liwiýanyň aralyk ýolbaşçylary ýurdy demokratik döwlet gurluşyna geçirmekde halkara arkalaşygynyň goldawyny gazandylar” diýdi.

Liwiýanyň täze premýer-ministri Mahmud Jibril hem: “Dünýä liwiýalylara bil baglady, liwiýalylar hem öz batyrlygyny görkezip, bu arzuw-hyýaly hakykata öwürdiler” diýdi.

Fransuz prezidenti Nikolýa Sarkozi Liwiýanyň daşary ýurtlarda doňdurylan 15 milliard dollara barabar baýlyklarynyň indi açylandygyny bildirdi.

Kaddafiniň režimi bilen ilteşikli baýlyklary mart aýynda girizilen sanksiýa netijesinde doňduran Birleşen Milletler Guramsy Liwiýanyň Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň we Fransiýanyň banklaryndaky 6 milliard dollara golaý puluny ýaňy herekete getirdi.

Iş tamamlananok

Klinton Parižde Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň ýolbaşçylary bilen duşuşýar, 1-nji sentýabr.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton aralyk liderleri Kaddafi ýeňlenden soň öç almaga däl-de, barlyşyga çagyrdy. Klinton: “Bir zalym režimiň soňlanmagy bilen iş tamamlananok” diýip, halkara arkalaşygynyň Liwiýanyň ýolbaşçylarynyň beren wadalaryny ýerine ýetirişlerini gözden sypdyrman synlajakdygyny, goldajakdygyny aýtdy.

Klinton: “Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçylygynda parahatçyga ýol açmakda, şeýle hem zorlugy syýasy gural hökmünde gadagan edip, çydamlylyk we pluralizmi ilerledeýän demokratiýany ornatmakda halkara arkalaşygynyň liwiýa halkyna, onuň ýolbaşçylaryna kömek etmegi gerek” diýdi.

Klinton şeýle hem parahat ilat howp astyndaka ýaranlygyň alyp barýan harby operasiýalarynyň dowam etmelidigini, Birleşen Milletler Guramasynyň sanksiýalarynyň jogapkärçilikli ýagdaýda ýatyrylyp, Liwiýanyň bu guramadaky ornunyň ýurduň täze ýolbaşçylaryna berilmelidigini belledi.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Liwiýanyň aralyk ýolbaşçylarynyň özlerine haýsy ugurda halkara kömeginiň gerekdigi barada bir sanawy berendiklerini bildirdi. Onuň aýtmagyna görä, ýurda häzir gyssagly gerek zat – gumanitar kömek.

Pan Gi Mun derman, azyk we suw ýetmezçiligi “uly krizis” döredýär diýip, duýduryş berdi: “Esasy zat – wagt. Öňümizdäki günlerde biz mandat babatda çalt hereket üçin Howpsuzlyk geňeşine ýüz tutarys. Onsoň BMG aradan salym geçirmän, Liwiýda bir graždan missiýasyny ýerleşdirer”.

NATO hem: “Liwiýada söweş entek tamamlananok. Kaddafi parahat ilata howp salýar” diýip, duýduryş berdi.

Kaddafi gizlenýär

Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň söweşijisi Al-Burkan bazasynda, 2-nji sentýabr.
Kaddafiniň nirededigi belli däl. Ýöne onuň söweşden el üzmändigini penşenbe güni arap telekanallarynda berlen bir ses ýazgysy görkezdi. Bu ýazgyda Kaddafi öz tarapdarlaryny söweşmäge çagyrdy. Ol: “Siziň eşidýän zatlaryňyzyň ählisi ýalan, bulara ynanmaň. Tüpeň bilen, gülle bilen urşuň. Liwiýa halkynyň adyndan goý gülle gürlesin. Olar biz bilen uzak urşa girişjek bolsalar, goý şeýle bolsun. Biz oba-oba, şäher-şäher, jülge-jülge, dagma-dag söweşeris. Goý, uzak uruş bolsun. Biz olara Liwiýanyň, liwiýa halkynyň üstünden höküm sürüp bilmejekdiklerini görkezeris, biziň ýaragly taýpalarymyzyň, ýaragly halkymyzyň üstünden höküm sürüp bilmejekdiklerini görkezeris” diýdi.

Kaddafiniň nirededigi barada gapma-garşylykly habarlar bar. Geňeşiň güýçleriniň bir ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, ol Tripoliniň günortasynda çölde ýerleşýän bir şähere gaçyp atypdyr. Abdel Mejid Mlegta: “Kaddafiniň ogly Saif al-Islam, aňtaw gullugynyň başlygy Abdullah al-Senoussi Kaddafi bilen birlikde Bani Walid şäherinde diýip, pikir edilýär” diýdi.

Mlegtanyň aýtmagyna görä, bu üçüsi söweşi dowam etdirmek üçin paýtagtyň 150 kilometrliginde ýerleşýän bu şäherde harby ýolbaşçylyk merkezini gurup ýör.
XS
SM
MD
LG