Liwiýanyň gozgalaňçylary goňşy Alžiri Muammar Kaddafiniň ýurtdan gaçyp giden aýalyny, onuň beýleki maşgala agzalaryny, şol sanda Kaddafiniň uly ogly Muhammad al-Kaddafini-de öz penasyna almak bilen agressiw hereket edenlikde aýyplaýarlar.
Alžiriň Daşary işler ministrligi Kaddafiniň ikjinji aýaly Safia Farkaşyň 34 ýaşly gyzy Aýeşa, ogullary Muhammad we Hannibal bilen birlikde duşenbe güni Alžire barandygyny habar beripdi.
Milli geçiş geňeşi Liwiýanyň täze hökümeti hökmünde öz pozisiýasyny pugtalandyrmagyň ugrundaka, bu işiň Alžir bilen Tripoliniň arasyna agzalalyk salmagy mümkin.
Geňeşiň sözçüsi Mahmut Şammam täze hökümetiň Kaddafiniň maşgala agzalarynyň Tripolä tabşyrylmagy barada tagalla etjekdigini aýtdy.
“Bu liwiýa halkynyň garşysyna, olaryň isleg-arzuwlarynyň garşysyna edilýän agressiw hereket. Biz başga hiç bir zada ähmiýet bermän, bu jenaýatçylaryň yzyna berlip, sud öňünde dikeldilmegi boýunça kanuny çäreleriň hemmesinden peýdalanarys. Biz Kaddafä, onuň maşgala agzalaryna pena beren her bir adama duýduryş berýäris. Olar bu işi etmek bilen liwiýa halkyna duşmançylyk edýärler. Liwiýa halky olary, dünýäniň niresinde bolsalar-da yzarlar” diýip, Şammam duýdurdy.
Kaddafiniň nirededigi henizem belli däl. Milli geçiş geňeşi ençeme ýyla çeken repressiw hökümdarlyk sebäpli onuň we ogullarynyň suda çekilmegini isleýär. Geňeş şeýle hem ele salynmadyk ýagdaýynda Kaddafi bilen onuň ogullarynyň Liwiýada täze pitneçiligi ýola goýmagyndan gorkýar.
Şammamyň aýtmagyna görä, täze hökümet “Alžir Kaddafiniň aýalyna, onuň ogullaryna, başga bir ýurda gidýänçäler pena berjek” diýen habary alypdyrlar. Ol Kaddafiniň maşgala agzalarynyň bir Gündogar Ýewropa ýurduna aşmaga synanyşýandygyny aýdýar.
Kaddafiniň maşgala agzalarynyň Tripolä tabşyrylmagyny kanuny ýollar bilen gazanmak aňsat däl. Sebäbi Alžir hökümeti Milli geçiş geňeşini Liwiýanyň kanuny häkimiýeti diýip, ykrar edenok. Geňeşiň başlygy Mustafa Abdel Jelil Alžiri hyzmatdaşlyga, Kaddafiniň ogullaryny we gözlenýän beýleki adamlary Tripolä tabşyrmaga çagyrdy.
Kaddafiniň maşgalasy
Muhammad al-Kaddafi Kaddafiniň başdaş aýaly Fatihadan dünýä inen ýeke-täk çagasy. Ýurtda 6 aý bäri barýan gozgalaňdan öň Kaddafiniň ornuny tutan ikinji aýalynyň uly ogly Saif al-Islam bilen birlikde Muhammad bolar diýip, pikir edilýärdi.
Muhammad Liwiýanyň olimpiýada komtetine ýolbaşçylyk etdi. Ol şeýle hem poçta we telekommunikasiýa kompaniýasynyň başlygydy.
Öten hepde Tripoli oppozision söweşijiler tarapyndan eýelenende, Muhammad ýesir alnypdy. Ol "Al-Jazeera" telekanalyna telefon arkaly beren interwýusynda hem muny tassyklapdy. Ýöne ol soňra paýtagtda galan Kaddafä wepaly güýçleriň kömek bermegi bilen gaçyp çykypdyr.
Hannibal Kaddafi hem ozal Liwiýanyň Milli deňiz transport kompaniýasynda işledi. Bu kompaniýanyň işi nebit transportydy.
Hannibal gazaply hereketleri, şol sanda 2005-nji ýylda Parižde öz göwreli gezýän gyzyny ýenjenligi üçin Ýewropada tanalýan adam. Ol ondan 3 ýyl soň hem iki hyzmatçysyna hüjüm edenlikde aýyplanyp Ženewada tutuldy.
Aýeşa al-Kaddafi adwokat. Ol Yrakda ölüm jezasy berlen öňki hökümdar Saddam Huseýni goran toparyň bir agzasydy. Aýeşa 2006-njy ýylda kakasynyň bir doganoglanyna durmuşa çykdy.
Halkara Jenýat sudy tarapyndan Kaddafiniň özüne, ogly Saif al-Islama we aňtaw gulluklarynyň başlygy Abdullah al-Senussa adamzadyň garşysyna jenaýat edenlikde günä bildirilýär.
Gozgalaňçylaryň ýokary derejeli ýolbaşçylary Al-Senussiniň Kaddafiniň beýleki ogly, gorkulýan Hamisiň brigadasynyň harby ýolbaşçysy Hamis bilen birlikde şenbe güni öldürilendigini aýdýarlar. Ýöne amerikan resmileriniň aýtmagyna görä Hamisiň öldürilendigi garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanmandyr.
Gozgalaň turaly bäri ozal hem Hamis öldi diýip iki gezek habar ýaýrapdy. Bularyň ikisi-de soňra nädogry bolup çykdy.
Halkara Jenaýat sudunyň prokurory Luis Moreno-Okampo Hamisiň tussag astyna alynmagy barada özüniň order çykarmagynyň mümkindigini aýdýar.