Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gozgalaňçylar iň söňky söweşe taýýarlanýarlar


Gozgalaňçy güýçleriň tanklary Sirtä tarap barýarlar, 29-njy awgust.
Gozgalaňçy güýçleriň tanklary Sirtä tarap barýarlar, 29-njy awgust.
Liwiýanyň gozgalaňçy güýçleri häzir Mummar Kaddafiniň önüp-ösen şäheri Sirtäniň gyrasynda durlar. Olar bu şäheri gündogardan hem günbatardan gabap, ýurda doly kontrollyk üçin iň söňky söweşe taýýarlanýarlar.

Gozgalaňçy söweşijler öten hepde režimiň güýçlerini Tripolide ýeňip, Kaddafiniň Bab al-Aziziýa köşgüni alansoň, Sirte onuň tarapdarlarynyň harby berkitmesine öwrüldi.

Ýurduň günbataryndaky regiony-da Kaddafiniň güýçleriniň kontrollygyndan çykarmak üçin gazaply söweşler barýar. Gogalaňçylaryň bir harby ýolbaşçysy Muhammad al-Fortiýa öz güýçleriniň günbatar tarapdan Sirtäniň 30 kilometrligine aralaşandygyny aýtdy. Gündogarda hem gozgalaňçylar Sirtäniň 100 kilometrliginde ýerleşýän Bin Jawady aldylar.

Kaddafiniň nirededigi henizem belli däl. Ýöne ol Tripoliniň 360 kilometrliginde ýerleşýän Sirtede öz tarapyny çalýan taýpadaşlarynyň arasyndadyr diýip güman edilýär. Öten hepde Liwiýanyň paýtagty Tripolide Bab al-Aziziýa kompleksi gozgalaçylar tarapyndan eýelende, Kaddafiniň güýçleriniň uly böleginiň Sirtä çekilendigi görlüpdir.

Gozgalaňçylaryň harby ýolbaşçysy Fortiýa Sirtedäki taýpa ýolbaşçylary bilen olaryň “parahatçylykly boýun egmegi” barada gepleşik geçirilýändigini aýdypdy. Ýöne bu gepleşikler netije bermedige meňzeýär.

Milli geçiş geňeşiniň sözçüsi Mahmud Şammam gozgalaňçylaryň Liwiýada bölünişigi ýeňip geçip, ýurdy basym birleşdirmek isleýändini aýtdy. Şammam: “Ýöne gepleşikler hemişelik dowam etmez” diýdi.

NATO-nyň harby uçarlary hem soňky günlerde Sirtäni nyşana almagy dowam etdirdiler.

Kaddafiniň güýçleriniň Tripoliden çekilmegi žurnalistlere we adam hukuklaryny goraýjy guramalara režimiň öz syýasy garşydaşlaryna eden aýylganç jenaýatlarynyň üstüni açmaga mümkinçilik berdi. “Human Rights Watch” özüniň öten hepde Tripoli gozgalaňçylaryň kontrollygyna geçiberende, Kaddafiniň tarapyny çalýan güýçleriň eden-etdilik bilen adamlary öldürendiklerini çaklamaga esas döredýän subutnamalar toplandygyny aýdýar.

50 müň töweregi ýesiriň ykbaly näbelli

Oppozisiýanyň harby sözçüsi polkownik Ahmed Omar Bani Tripoli alnaly bäri 10 müňden agdyk ýesiriň boşadylandygyny, 50 müň töweregi ýesiriň hem niredediginiň belli däldigini aýtdy. Omar Baniniň aýtmagyna görä, gürüm-jürüm bolan bu ýesirlere ýa ölüm jezasy berlendir ýa-da gaçmasynlar diýlip, bir ýer asty berkitmä geçirilendir, beýle bolsa hem olar uzaga çekmän, ölerler diýip, gorky edilýär.

Gozgalaňçylaryň aralyk hökümetiniň adalat ministri Mohammad al-Alagi: “Bu aýdylýanlar barlanyp, Kaddafiniň goşun birlikleriniň başlyklary sud jogapkärçiligine çekiler” diýdi. Alagi şeýle hem 1988-nji ýylda Lokkerbiýde bir uçary partladanlykda günäli tapylan Abdel Bassat al-Magrahiniň Günbatara tabşyrylmajakdygyny bildirdi.

Rak keseli sebäpli 2009-njy ýylda türmeden boşadylan Magrahiniň sud prosesi üçin indi Birleşen Ştatlara iberilmegi talap edilýär.

“Biz Liwiýanyň hiç bir raýatyny Günbatara bermeris. Adalatyň düýp prinsiplerine laýyklykda Abel Basset al-Magrahi ozal sud edildi. Ol indi sud edilmez. Amerikan talaby hökümetden däl-de, milli guramalardan gelýär. Bu bir boş talap. Biz Liwiýanyň raýatlaryny başga birine bermeris. Liwiýanyň raýatlaryny başgalara tabşyrýan Kaddafidir” diýip, Al-Alagi aýtdy.

Milli geçiş geňeşi Tripolide esasy hyzmatlary ýola goýjak bolup, tagalla baryny edýär. Oňa pul gerek. Şol sebäpden Arap Ligasy Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşini Liwiýanyň doňdurylan milliardlarça dollara barabar baýlygyny açmaga çagyrdy.

Milli geçiş geňeşiniň işgärleri Tripoliniň merkezinde ýerleşýän öýleriň 70 prosentinde suw ýokdugyny aýdýarlar. Içimlik suwy halka metjitler paýlýar. Geňeşiň başlygy Abed al-Obeýdiniň aýtmagyna görä, paýtagtda suw ýetmezçiliginiň esasy sebäbi Kaddafiniň taraplarlarynyň sabotažy däl-de, tehniki ýalňyşlyklar.
XS
SM
MD
LG