Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Töhmet belasyndan dynylarmy?!


Aşgabatda ýaşaýan žurnalist Aşyrguly Baýryýew
Aşgabatda ýaşaýan žurnalist Aşyrguly Baýryýew
Gyrgyzstanda töhmeti jenaýatçylykly etmiş hasaplamakdan el çekip, oňa adaty graždan işi hökmünde seretmek kararyna gelnipdir. Türkmenistan bu göreldä eýerip bilermi?!

Gyrgyz häkimiýetleriniň bu çözgüdi söz, metbugat azatlygyna, umuman, demokratiýa tarap ädilen ýene bir möhüm ädimdir. Jenaýat kodekslerindäki töhmet hakyndaky maddalar häkimiýetleriň öz göwünlerinden turmaýan raýatlary, aýratynam žurnalistleri töhmet atmakda aýyplap, azatlykdan mahrum etmekleri adam hukuklaryna we azatlyklaryna ters gelýär. Hasam döwlet baştutanynyň at-abraýyny we mertebesini goramak bahanasy bilen, onuň adyna aýdylan islendik tankydy belligiň töhmet hökmünde häsiýetlendirip bilinýändigine 2004-nji ýylyň martynda biziň özümiz gözli şaýat bolduk.

Şonda Milli howpsuzlyk ministrliginiň sülçüleri ýokardan berlen görkezmäni ýerine ýetirip, Azatlyk Radiosynyň efirinde berlen materiallarymy töhmetçilikli hasaplap, maňa garşy Türkmenistanyň jenaýat kodeksiniň 132-nji maddasynyň 2-nji bendi esasynda jenaýat işini gozgadylar. Hernä demokratik döwletleriň, halkara guramalaryň basyşy netijesinde nyýazowçylyk režim ony suda ýetirmedi. Iki ýyla golaý wagtdan soň ömrüme tagma edilip salnan bu iş möhletiniň geçendigi üçin diýen kesgitleme bilen ýatyryldy.

Şu maddanyň özi sülçiniň aýdyşy ýaly, ýeňil bolsa-da, ony Türkmenistanyň halk maslahatynyň 2003-nji ýylyň başynda kabul eden "Etmişli hereketleriň Watana dönüklik diýip yglan edilişi we Watan dönüklerine görülmeli çäreler" hakyndaky kararyna ýanalsa, başyma nähili belalary getirip biljekdigi düşnüklidir. Çünki materiallarymda Nyýazowyň diktatorlygy, nädogry işleri tankyt astyna alynýardy. Agzalan karar bolsa munuň üçin Watan dönügi diýen günäni, tagmany basyp bilýärdi. Şonsuzam, diktatoryň emri bilen, ýanýoldaşym, ogul-gyzym özümden öň işsiz galdyrylypdy.

Mundan bir ýyla golaý wagt ozal prezidentiň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärlerine ýollan gutlagynda "döwletimize töhmet atyp, jemgyýetçiligimiziň agzybirligini we asudalygyny bozjak bolýanlara garşy berk göreş alnyp baryljakdygyna" ynam bildirmegi netijesinde bu sapar gönüden-göni özüme degmäge milt edilmese-de, çagalaryma, ýakynlaryma nähak temmi berildi, işsiz galdyryly.

Hawa, türkmen häkimiýetleri töhmet hakyndaky maddany ulanmakdan el çekip, has mekir, namartçylykly pirimlere ýüz urýan ýaly. Abadan pajygasy baradaky hakykaty dünýä ýaýmaga goşant goşan kärdeşimiz Döwletmyrat Ýazgulyýewe şu madda boýunça jenaýat işini gozgamak barada haýbat atylmagy resmileriň hiç zatdan gaýtmajakdygyny görkezýär.

Bu maddanyň Jenaýat kodeksinden aýrylmagy-da Türkmenistan hukuk döwletine öwrülmese, kanunlar işlemese, netijeli bolup bilmez.

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory, Deýwid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG