Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Naharlar datly bolsun!


Türkmenistanyň sosialistik lagerden çykyp, bazar ykdysadyýetiniň düzgünleri bilen ýaşap başlamagy adamlaryň durmuşynda köp zatlary üýtgetdi. Öňler hökümetden ölmez-ödi hem bolsa, aýlyk alyp ýaşan adamlaryň aglabasy işsiz galyp, güzeranyny özbaşdak dolamaga mejbur boldular.

Kimler gapysynda hususy dükanjyk açdy, kimler bolsa öýüni daşary ýurtlardan zat getirip satýan bezirgenlere kärendesine berip, öýlerini söwda dükanlaryna öwürdiler. Köp adamlar uly ýola ýakynrak öýleriň howlularyny maşyn ýuwýan, maşyn bejerýän serwislere öwürdiler.

Bu şahsy dükanlary, serwisleri açmak üçin hökümet bilen ylalaşyp, häkimliklerden rugsat almaly, hökümete salgyt tölemeli.

Hökümet bilen ylalaşyk esasynda dükanjyk açmak üçin tölemäge pul tapmaýanlar öýlerinde kerpiçden gaz peç gurnap, çörek, gutap bişirip satýarlar. Şeýdip gün görýän hojalyklaryň palaw, çorba, dograma, dolama ýaly naharlary bişirip satýanlary-da kän. Indi naharlanmak üçin hökümet naharhanasyny gözläp ýörmeli däl. Her ädimde diýen ýaly gutapdyr nahar bişirip satýan öýlere gabat gelip bolýar. Olar hiç hili işgär saklamaýarlar. Maşgala agzalarynyň öz güýjüniň ýeten möçberindäki naharlary bişirmek bilen oňýarlar. Olaryň naharlaryny ötegçiler hem-de ýakyn töwereginde ýerleşýän maşyn bejeriji, maşyn ýuwujy serwislerde işleýänler alyp iýýärler.

Maşgala naharhanajyklarynda bişirilýän naharlar, gutaplar işläp duran adamlar üçin satyn almaga amatsyz däl. Olar mümkin boldugyndan naharlary-da, gutaplary-da elýeterli bahadan bişirmäge çalyşýarlar. Öý gutaplary, naharlary edil, öz şahsy öýüňde bişen nahardyr gutap ýaly öte datly bolmasa-da, garaz, sowet döwründäki naharhanalaryň ýuwundy ýaly tagamlaryndan kän gowy.

Sanitariýanyň talaplary

Ýöne maşgala naharhanajyklarynyň hem oýlandyrýan ýerleri köp. Olaryň köpüsinde sanitariýa-gigiýenanyň talaplary berjaý edilmeýär. Mysal üçin, maşgala öýüň krantyndan el-ýüzuni ýuwýar, krantyň aşagyndaky çukurjyga tüýkürinýär, burnuny arassalaýar, aýagyny ýuwýar. Krantyň suwy akýan şol bir çukurjykda gutap bişýän pejiň gutap goýulýan kerpiçleriniň gyzgynyny birneme peseltmek üçin ujy mataly uzyn taýak hem üstüne suw akydylyp öllenýär. Taýagyň ujundaky mata el-ýüz ýuwlup durlan çukurda mazaly öllenýänçä suwuň aşagynda goýulýar. Oňa el-aýakdan akan sabynly suwuň, agyz-burundan dökülen hapalaryň ýokundylarynyň ýelmeşmeýänine hiç kim güwä geçmez.

Ýa-da et bilen tüwini garyp, bulgar burçuna dykmak üçin, arassalanmaly bulgar burçlary hem şol krantyň aşagyndaky suw akýan çukura dökülip ýuwulýar. Sebäbi et dykylmaly bulgar burçlaryny haýsydyr bir jama ýa-da gaba guýup arassalamak üçin wagt gerek bolýar. Onsoň, nahar bişirijiler işi çalt bitirmek üçin bulgar burçlaryny göni krantyň aşagyndaky çukura oklap, olary diňe suwa çaýkap çykaraýýarlar. Kä öýlerde et dykylmaly bolgar burçlary ýuwlubam durlanok. Şeýdilmese, maşgalanyň sanlyja agzalary ähli naharlary bişirmäge ýetişenoklar.

Köp öýlerde gutap-manty bişirmek üçin edilýän hamyryň uny elenmeýär. Tomsuň yssy günlerinde möjekleýän unlar, tüwüler arassalanman ulanylýar.

Öýlerdäkii naharhanajyklaryň sanitariýa-gigiýena ýagdaýyny, arassaçylyklaryny wagtal-wagtal barlap durmaly edaralaryň olardan habary-da ýok. Sebäbi öý naharhanajyklarynyň köpüsi kanun boýunça hasaba alynmadyk. Öý naharhanajyklaryny hasaba aldyrmak üçin, başda-da aýdyşym ýaly, ep-esli pul tölemeli, sanitariýa kitapjygyny edinmeli, wagtly-wagtynda bütin maşgala sanitariýa barlagyndan geçmeli. Her kim güzeran aýlamak üçin özüniň nahar bişirip satýanyny kanun boýunça düzgünleşdirmänsoň, arassaçylyga seretmeli edaralaryň olardan habary ýok.

Restoranlarda

Sanitariýa-gigiýena düzgünleriniň diňe bir öý naharhanajyklarynda däl, eýsem, ulurak hem-de hökümet tarapyndan hasaba alnan nahar bişiriji restoranlarda, naharhanalarda hem bozulýandygyny ol ýerde işleýänler gürrüň berýärler. Olaryň aýtmagyna görä, könelen mesge hem margarin ýaglaryny, ulanylmaly möwriti öten unlary, tüwüleri arzan bahadan alyp ulanýan nahar bişirijiler örän kän. Mysal üçin, il içinde «Bedew» ady bilen tanalýan «Desterhan» restoranynda galan naharlaryň müşderilere ertirki naharyň üstüne goşulyp berilýändigi, unlaryň elenmän bişirilýändigi, çörek bişirilýän halaty ýere gaçýan hamyrlaryň taşlanman, ýene beýleki hamyra goşulyp çörek bişirilip goýberilýändigini ol ýerde işleýänler aýdýarlar.

Nahar bişirijileriň ählisini barlap çykmak mümkinem däl, olar örän köp. Sanitariýa düzgünlerine gözegçilik ediji edaralar hökümete degişli nahar bişirijileri barlamaga-da ýetişenoklar.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG