Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda az salymlyk turan uruşdan bäri üç ýyl geçdi. Emma bu ugurda entek üýtgän zat ýok: iki ýurduň arasyndaky syýasy ýagdaý petige diräp dur.
Hiç hili anyk gepleşikleriň alnyp barylmaýanlygy, şeýle-de iki tarapyň hem berk pozisiýalaryny saklamagy öňegidişlik perspektiwasyny juda çetin edip görkezýär. Moskwa Gürjüstandan bölünen regionlary – Abhaziýany we Günorta Osetiýany garaşsyz döwletler hökmünde ykrar etdi. Resmi Tbilisi bolsa şol sebitleriň Gürjüstanyň aýrylmaz bölekleridigini tekrarlaýar.
Wideo: 5-nji awgustda Soçide Orsýetiň telekanalyna beren interwýusynda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew öz ýurdunyň Gürjüstan bilen häzirki gatnaşyklary barada gürrüň etdi.
Geçen hepdäniň başynda Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Günorta Osetiýanyň Orsýetiň düzümine goşulmagynyň mümkindigi baradaky pikirini orta atdy. Prezident Dmitriý Medwedew edil onçakly açyk gürlemese-de, beýle mümkinçiligiň bolup biljekdigi barada dil ýazdyrdy. Medwedew bu hakda: “Men häzir munuň üçin öňünden gerekli bolan hiç hili ýuridiki şertleriň ýokdugyny çak edýärin. Elbetde, geljekde nämäniň boljakdygyny hem öňünden aýdyp bolmaýar. Ýagdaýlaryň her tarapa ýazmagy mümkin. Ýöne häzirki ýagdaý barada aýdylmaly bolsa, onda, meniň pikrimçe, munuň amala aşmagy üçin hiç hili ýuridiki ýa-da iş ýüzünde öňünden kesgitlenen şertler ýok” diýip, geçen hepde beren interwýusynda belledi.
2008-nji ýylyň awgustynda bolan gysga wagtlyk uruşdan soň, Orsýet üç ýylyň dowamynda Abhaziýa we Günorta Osetiýa özüniň müňlerçe esgerini ugradyp, ol ýerleriň üstünden öz gözegçiligini berkitmek bilen meşgullandy. Ýogsam, bu Moskwanyň Ýewropa Bileleşigi bilen atyşyklary bes etmek boýunça gol çekişen ylalaşygynyň şertlerine ters gelýär. Şeýle-de Orsýet sebitdäki emläkleri we möhüm biznesleri satyn aldy. Ýakynda Medwedew bu sebitler bilen gümrük birligini döretmek baradaky kanun taslamasyny hem ýurduň Dumasynyň garamagyna ugratdy.
Ýöne, muňa garamazdan, Gürjüstanyň syýasatçylary we analitikleri uzak möhletde umydyň käbir yşyklaryny görýärler.
Orsýetiň maksady näme?
Tblisiniň Ilia Döwlet Uniwersitetiniň professory Giga Zadanianyň pikiriçe, Orsýetiň esasy maksady diňe bu iki region bilen çäklenmän, eýse Gürjüstanyň häzirkizaman günbatar kysymly demokratik ýurt bolmak niýetiniň öňüne böwet basmakdyr.
“Orsýetiň maksady Gürjüstanyň proýektine dolulygyna böwet bolmak. Meniň göz öňünde tutýanym Gürjüstany häzirkizaman döwlet etmek üçin ýakynda kabul edilen proýektlerdir. 2003-nji ýyldan soň, Gürjüstany häzirkizamana laýyk döwlet etmek üçin bir proýekt kabul edilen bolsa, Orsýet hem muňa böwet bolmak isläpdi” diýip, Zadania nygtaýar.
Wideo: 5-nji awgustda Soçide Orsýetiň telekanalyna beren interwýusynda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew üç ýyl mundan öň turan Orsýet-Gürjüstan urşuna Birleşen Ştatlaryň bildiren reaksiýasy barada durup geçdi.
Konfliktiň netijesinde dörän uruş we halkara jemgyýetçiliginiň reaksiýasy Gürjüstany tiz wagtyň içinde Günbatara goşulmak baradaky umytlaryndan aýrypdy, şol sanda eýýäm kepillendirildi diýlip hasaplanan – NATO agza bolmak hyýallaryny-da gowşadypdy.
Zadanianyň aýtmagynga görä, indi Gürjüstanyň syýasatçylary Ýewro-Atlantika boýunça integrasiýa prosesine ýurduň öz içindäki syýasatçylara has köp bagly bolan uzak möhletleýin proýekt hökmünde garaýarlar.
2008-nji ýylda, uruş döwründe Gürjüstanyň BMG-däki ilçisi bolan, häzir bolsa oppozisiýadaky “Biziň Gürjüstanymyz - azat demokratlar” partiýasynyň başlygy Irakli Alasania hem bu pikir bilen ylalaşýar. Ol bu barada şeýle diýýär: “Biziň pikirimizçe häzir integrasiýa prosesiniň durmuşa geçmegi üçin juda oňaýly wagt. Şeýle-de biz kanun, hukuk pudaklarynda, ykdysady reformalar boýunça köp işleriň edilmelidigine düşünýäris. Bular bizi Ýewropa Bileleşigine has ýakynlaşdyrar”.
2008-nji ýylyň awgustynda Gürjüstanyň goranmak ministriniň orunbasary bolan, häzir ýurduň Milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbsary Batu Kutelianyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Gürjüstan bar ünsüni häzir özi üçin edip biljek işlerinde jemleýär. Onuň bellemegine görä, ýurt üçin esasy möhüm bolan zat – demokratik geçişi we beýleki reformalary, “duşmanlaryň prowokasiýalaryna” üns bermezden, dowam etmekdir.