Orsýetiň premýer-ministriniň suratlary futbolkalarda ýerleşdirilýär. Moskwadaky reklama plakatlarynda ol belli kino gahrymany - Jeýms Bonduň görnüşinde suratlandyrylýar. Sibirdäki bir topar bolsa oňa keramatly Pawlyň täzeden direlişi hökmünde tagzym edýär.
Indi bolsa ýeserlik bilen edilen wideoýazgy Orsýetiň internet äleminde ýurduň ýaş gelin-gyzlaryny öz egnindäki eşikleriniň ýakalaryny ýyrtyp, “Putiniň armiýasy” hökmünde premýer-ministri goldamak üçin birleşmäge çagyrýar.
Syýasy oýunmy?
Bu wideoýazgy ýekşenbe güni Orsýetiň iň belli sosial ulgamlarynyň biri bolan
“Vkontakte” atly sosial aragatnaşyk saýtynda ýerleşdirldi. Käbirleri muny köpçülikleýin habar serişdeleriniň üsti bilen ýaşlary öz tarapyna çekmek üçin edilen hökümetiň syýasy oýny hökmünde häsiýetlendirýärler.
Wideoýazgynyň esasy gahrymany ýokary derejede geýnen, elinde “Iphone” telefony bolan, Moskwada beýik ökjeli köwüşde gezmeläp ýören student – Diana atly gyz. Ol Orsýete asudalyk we ösüş getiren adamy jan-dilden gowy görýändigini aýdýar.
“Men ýurdumyzyň durmuşyny üýtgeden adamy jan-dilden gowy görýärin. Ol hormata mynasyp syýasatçy. Şeýle-de ol ýaraşykly erkek kişi. Ol Wladimir Putin. Ony millionlarça adam gowy görýär. Oňa ynanýarlar. Ýöne munuň bilen birlikde onuň üstünden gara dökýän bir üýşmek topar hem bar. Belki, olar muny özlerinden gorkýandyklary üçin edýändirler. Belki, bu olaryň gowşaklygydyr. Sebäbi olar hiç haçan onuň ýerinde bolup bilmezler” diýip, wideoýazgydaky gyz aýdýar.
Diana soňundan Moskwa derýasynyň kenarynda, oturgyçda güneşläp oturan iki sany boýdaşynyň ýanyna barýar. Soňra gyzlar dar, ak futbolkanyň üstünde özleriniň gyzyl dodak boýagy bilen ýürek çekýärler, şeýle-de “Men Putin üçin ýyrtaryn” diýen ýazygyny ýazýarlar.
Diana soňundan “ýaş, akyly ýerinde we owadan” gyzlary Putin üçin özleriniň bir zadyny ýyrtmaga çagyryp, täze bäsleşigiň başlanýandygyny mälim edýär.
“Edenli erkek”
Putin edermen hereketleri bilen, şol sanda ak aýyny huşundan gidermek ýa-da sport ulagynyň rulunyň başyna geçip, özüni edenli erkek hökmünde görkezýär.
Putini goldaýan çäreler ýurduň beýleki partiýalary tarapyndan hem amala aşyrylýar. Synçylar bular ýaly çärelere Kremli goldaýan “Naşi” we “Ýaşlar gwardiýasy” ýaly toparlaryň hem ilteşiginiň bardygyny çak edýärler.
Belli rus bloggeri Aleksandr Morozow şeýle diýýär: “Putin üçin ýyrtaryn” diýilýän çärede onçakly bir täze üýtgeşik zat ýok. Bu ilki bilen söýgi gahrymanynyň görnüşini döretmek synanşygydyr. Ýönekeý söz bilen aýdylanda, bu bir “Berluskoniçilikdir”. Munuň kimiň kellesine gelendigini aýtmak kyn. Bular Kremliň ýaşlar toparlaryndan çykýar. Ýaşlaryň ünsüni çekmek üçin, goşa dyrnakda aýdylanda “oýlap tapyjylyk toparlary” bu ugurda iş alyp barýarlar”.
Sişenbe güni “Vkontakte” sosial ulgamynda “Putine garşy armiýa” atly bir topar hem döredildi. Olar Diananyň toparyny “hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän” diýip, ýazgarýarlar.
“Putin üçin ýyrtaryn” atly topar “Vkontakte” ulgamynda öz esasy maksatlarynyň geljek ýylyň martynda, nobatdaky prezidentlik saýlawlarynda Putiniň yzyna, prezident wezipesine dolanmagyny gazanmakdygyny aýdýar.