Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň hökümeti protestçilere duýduryş berýär


Hökümete garşy protestçiler Talbiseh şäherinde, 2011-nji ýylyň 27-nji maýy.
Hökümete garşy protestçiler Talbiseh şäherinde, 2011-nji ýylyň 27-nji maýy.
Siriýanyň döwlet telewideniýesi Jisr al-Şugur şäherinde duşenbe güni “ýaragly garakçylar” tarapyndan howpsuzlyk güýçlerinden 120 adamynyň öldürilendigini habar bereli bäri oppozision aktiwistler özleriniň bu şähere gazaply hüjüm edilmeginden gorkýandyklaryny aýdýarlar. “Ýaragly garakçylar” diýlende, köplenç hökümete garşy protestçiler göz öňünde tutulýar.

Adam hukuklary boýunça aktiwistler we garaşsyz analizçiler bu habaryň dogrudygyny sorag astyna alýarlar.

Hökümet haýbat atýar

Siriýa hökümetiniň sözçüsi Adnan Mahmud esgerler öldürilip, döwletiň jaýlaryna ot berlensoň, Jisr al-Şugur şäheriniň ilatynyň howpsuzlygy ornatmak üçin gerekli çäreleriň görülmegini sorap, hökümete ýüz tutandygyny aýtdy. Içeri işler ministri Ibrahim al-Şaar hem: “Berk we aýgytly çäreler görler” diýip, haýbat atdy.

“Döwletiň wezipesi graždanlaryň we harbylaryň janyny, halkyň mal-mülki bolan döwlet jaýlaryny goramak. Biz kanuna laýyklykda berk we aýgytly hereket ederis. Ýurduň we ilatyň howsuzlygyna garşy gönükdirilýän hiç bir hüjüm barada dymmarys” diýip, al-Şaar aýtdy.

Jisr al-Şugur şäherinde näme wakalaryň bolandygyny anyklamak mümkin däl. Sebäbi, hökümet duşenbe güni bu şäher bilen bolan ähli gatnaşyklary kesdi. Daşary ýurt žurnalistleri hem ýurtdan çykaryldy.




Ýöne türk häkimiýetleri ýüzlerçe siriýalynyň medisina kömegini almak üçin Türkiýä geçendiklerini aýdýarlar. Şeýlelikde basym wakalary öz gözi bilen gören şaýatlar tapyljaga meňzeýär.

Siriýanyň adam hukuklaryny goraýjy toparlarynyň çaklamagyna görä, mart aýynyň ortasynda Assadyň režimine garşy protestler turaly bäri öldürilen adamlaryň sany 1100-den gowrak.

Kime ynanmaly?

Maýkel Waýs Siriýanyň oppozisiýasy barada barlag işlerini alyp baran alym. Ol: “Bu aýdylýanlara ynanmaly däl” diýýär. “Bu bütinleý ýalan. Ilki bilen Siriýanyň döwlet telekanaly režimiň kontrollygynda. Režim hem onda öz propagandasyny alyp barmak üçin elinde baryny edýär”.

Soňra Waýs şeýle diýýär: “Oppozisiýa ýaragly däl. Olar muny prinsip we zerurlyga görä edýärler. Aýtjak bolýanym, olarda döwletiň oňat türgenleşikli howpsuzlyk güýçlerini ‘gyrar’ ýaly ýarag ýok. Meniň pikirimçe, Assad muny, näme etjegini bilmän, edýär”.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Mark Toneriň çaklamagyna görä, Assadyň soňky hepdelerde Palestinanyň tarapyny çalýan protestçilere iki gezek Ysraýyl serhedine çozmaga ýol bermegi – içerdäki çynlakaý krizisden halkyň ünsüni sowmak üçin edilen iş.

“Siriýa hökümeti täze wakalar döretmek bilen özüniň içki meselelerinden halkyň ünsüni sowmaga synanyşýana meňzeýär. Biz bu işleri ýazgarýarys. Bular ýaly hereketleriň Siriýa hökümetiniň öz raýatlary barada edýän ýaramaz işlerinden halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni başga ýere sowup bilmejekdigi belli zat. Men sözümiň üstüne ýene bir zady goşmak isleýärin, her bir özbaşdak döwlet ýaly, Ysraýyl hem özüni goramaga hukukly” diýip, Toner aýtdy.

Fransiýa: “Al-Assad kanuny hukugyny ýitirdi”

Jisr al-Şugur Türkiýe serhediniň takmynan 20 kilometrliginde ýerleşýär. Hökümete garşy protestleri ýatyrmak üçin harbylaryň soňky günlerde esasan üns beren ýeri şu ýer boldy. Adam hukuklaryny goraýan toparlar şenbe gününden bäri bu ýerde iň azyndan 42 adamyň öldürilendigini aýdýarlar.

6-njy iýunda Fransiýanyň daşary işler ministri Alain Župpe: “Al-Assad Siriýany dolandyrmaga öz kanuny hukugyny ýitirdi” diýdi.

Župpe Waşingtonda Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton bilen duşuşansoň, Fransiýanyň indi Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýany ýazgaryp rezolýusiýa çykarmagy üçin bir taslama ýaýratmagy planlaşdyrýandygyny aýtdy. Ol Orsýetiň bular ýaly rezolýusiýa weto goýmagy mümkin bolsa-da, Parižiň muny etjekdigini bildirdi.
XS
SM
MD
LG