Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý-“Google” gatnaşyklary ýitileşjege meňzeýär


Häzirki ýagdaýlar “Google” kompaniýasynyň hytaý resmileri bilen senzura we ozalky kiber-hüjümler sebäpli öňden hem dartgynly gatnaşyklaryny has-da ýitileşdirjege meňzeýär.
Häzirki ýagdaýlar “Google” kompaniýasynyň hytaý resmileri bilen senzura we ozalky kiber-hüjümler sebäpli öňden hem dartgynly gatnaşyklaryny has-da ýitileşdirjege meňzeýär.
Hytaý “Google” e-maillaryna edilen aňtaw hüjümlerine özüniň dahyllylygy barada aýdylýanlary ret etdi. Internet läheňi Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmileriniň, harby işgärleriniň, žurnalistleriniň we hytaý aktiwistleriniň “G-mail” internet bukjalaryna girilenden soň, bu hüjümleriň Hytaýdan uç alýana çalym edýänligini aýtdy.

Hytaý bu hüjümler bilen baglanyşykly özüne bildirilýän aýyplamalaryň “kabul ederliksizdigini” aýdyp, olary ret edýär.

Hytaýyň bu beýanatyndan bir gün öň, “Google” kompaniýasy internet hakerleriniň “G-mail” gutularyna degişli bukjalaryň ýüzlerçesiniň parollaryny ogurlamaga synanyşandyklaryny aýan etdi. “Google” Hytaýyň hökümetini gönüden-göni aýyplaman, kiber-hüjümiň Hytaýyň Şandong welaýatynyň Jinan şäherinden edilendigini belledi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton hem Waşingtonda çykyş edip, bu wakalar bilen baglylykda Federal derňew býurosynyň degişli barlaglary geçirjekdigini aýtdy.

Häzirki ýagdaýlar “Google” kompaniýasynyň hytaý resmileri bilen senzura we ozalky kiber-hüjümler sebäpli öňden hem dartgynly gatnaşyklaryny has-da ýitileşdirjege meňzeýär.

“Google” kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika boýunça daşary işler direktory Peter Barron amala aşyrylan kiber-hüjümler barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Hytaýyň Jinan şäherinden uç alana meňzeýän kampaniýa “G-mail” internet bukjalarynyň ýüzlerçe ulanyjysyna, şol sanda Birleşen Ştatlaryň hökümet resmilerine, hytaýly syýasy aktiwistlere, käbir aziýa döwletleriniň resmilerine, harby işgärlere we žurnalistlere täsir ýetirdi. Bu kampaniýanyň maksady şol internet bukjalaryndaky maglumatlaryň mazmunyna gözegçilik etmekden ybarat ýaly bolup görünýär.”

Bu hüjümiň ýaşyryn maglumatlar bilen galtaşygy bolan adamlara gönükdirilenligi göz öňünde tutulsa, onda munuň kiber-hüjüm däl-de, eýse kiber-içalyçylyk bolmagynyň ahmaldygy baradaky şübheler hem döreýär.

Emma Hytaýyň daşary işler ministri Hong Leý Pekiniň internet jenaýatlarynynyň garşysyna göreşýändigini öňe sürýär: “Hakerçilik bir halkara problemasy. Hytaýyň özi hem haker hüjümleriniň pidasy boldy. Bu elektron hüjümlere Hytaýyň hökümetiniň nähilidir bir dahylynyň bardygy baradaky aýyplamalar düýpgöter esassyzdyr, şeýle-de munuň arkasynda başga ýaşyryn matlap bar”.

Hytaý özüniň internet ulgamyndaky maglumatlaryň aýlanyşygyna juda berk gözegçilik edýär. Ol internetde pornografik we zorluk häsiýetli maglumatlaryň, şeýle-de ýiti syýasy materiallaryň öňüni baglaýar.
XS
SM
MD
LG