Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Amnesty International”: dünýä taryhy çatrykda


Tunisde köçelerde turan protestler ýurduň ýolbaşçylarynyň agdarylmagyna getirip, tutuş Orta Gündogarda we Demirgazyk Afrikada şindi-de tolkun atýan demonstrasiýalara ýol açdy.


Özüniň ýyllyk hasabatyny anna güni neşir eden halkara günä geçiş guramasy “Amnesty International”: “Tunis repressiw hökümetleri günleriniň sanalgydygyny ýatladýan ýyl bilen ýüzbe-ýüz etdi” diýýär.

"Amnesty International": adamlar repressiýa çydam etmez
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:26 0:00


2010-njy ýyly beýleki ýyllardan tapawutlandyrýan ýeke korrupsiýa we ykdysady deňsizlige garşy protestleriň turmagy däl. “Amnesty International” guramasynyň baş sekretary Salil Şentti: “2010-njy ýyl informasiýalaryň aýan bolup, adamlaryň arasynda giňden ýaýran ýyly boldy” diýip belleýär.

“Bolan wakalar arkaly bizi ruhlandyryp, bize ylham beren zat adamlaryň üýşüşip, zulum-süteme garşy durmagy boldy. Biz öz güýjümizi bu hereketi, adam hukuklary hereketini şu möhüm ýylda tutuş dünýäde güýçlendirmäge, ösdürmäge gönükdireris” diýip, Şetti aýdýar.

“Amnesty International”: adam hukuklary özgerýärmi?
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:58 0:00


“Amnesty International”: “Orta Gündogarda reforma bolan talaplaryň artmagy, maglumata elýeterlilik, jemagatyň guramalaşmagy dünýäniň köp regionlarynda ozal görlüp-eşidilmedik özgerişler döwrüne girilmegine ýol açdy” diýýär. Ýöne bu gurama bular ýaly rewolýusiýalaryň öz ýurtlarynda bolmagyny islemeýän repressiw we korrumpirlenen hökümetleriň bu pursatyň öňüni almak howpy-da ýok däl diýip, duýduryş hem berýär.

“Köp adamlaryň arap protestlerine dünýäniň beýleki ýerlerinde bolmaly özgerişleriň alamaty diýip garamagy mümkin. Ýöne Merkezi Aziýa ýaly regionlar öňküsi ýaly heniz hem berk kontrollyk astynda” diýip, “Amnesty International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasynyň direktorynyň orunbasary Jon Dalhuisen aýdýar.

Türkmenistan we Özbegistan

Mysal üçin, Türkmenistan 2010-njy ýylda informasiýanyň bütinleý diýen ýaly kesilen ýurdy boldy. Žurnalistler berk çäklendirmelere sezewar edildi. Aktiwistler açyk hereket edip bilenok. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sentýabrda howpsuzlyk güýçlerini Türkmenistany “garalaýanlara”, halkyň agzybirligini bozmaga synanyşýanlara garşy göreş alyp barmaga çagyrdy.

2010-njy ýylyň dowamynda Türkmenistan başgaça pikirlenýänleriň basylyp ýatyrylýan ýurdy bolup galdy. Adam hukuklaryny goraýanlaryň diňe az sanlysy ýurtda açyk iş alyp baryp bildi.
“2010-njy ýylyň dowamynda Türkmenistan başgaça pikirlenýänleriň basylyp ýatyrylýan ýurdy bolup galdy. Adam hukuklaryny goraýanlaryň diňe az sanlysy ýurtda açyk iş alyp baryp bildi. Olar ýurduň içinde alyp baran işleri üçin ýurduň daşynda-da ezýet-azar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Ýurtda bolýan wakalary habar berenligi, häkimiýetleri tankytlanlygy üçin žurnalistlere berilýän ezýet-azar, olary gorkuzmak dowam etdi. Bu daşary ýurt mediasyna işleýänleri hem öz içine alýar” diýip, Dalhuisen aýdýar.

Dalhuiseniň aýtmagyna görä, Türkmenistanda jemgyýetiň hasaba alynman, azar görýän ýene bir bölegi dini toparlar. “Birçak gürüm-jürüm edilen adamlaryň ýagdaýyna seretmek babatda bolan öňegidişlikler heniz hem köp däl. Türkmenistan düýpleýin gymyldysyz, adam hukuklary çynlakaý bozulyp, mümkin her bir öňegidişligiň öňi alynýan ýurdy bolup galýar” diýip, Dalhuisen belleýär.

Özbegistan hem 2010-njy ýylda-da Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite wekiline adamlaryň gynalmagy babatynda ýurda baryp görmäge rugsat etmedi. Bu ýurt yslamçy diýip hasap edilýän adamlar barada gaty repressiw hereket edýär. Adam hukuklary boýunça aktiwistlere, žurnalistlere ezýet-azar berilýär. Olar urlup-ýenjilýär, türmä dykylýar.

“Özbegistan tankydy sesleriň bogulýan ýurdy. Bu ýurtda öz pikirlerini açyk aýdyp bilýänler gaty az. Kemçilikleri tankytlamaga adam hukuklarynyň bozulmagyny paş etmäge synanyşýanlara ezýet-azar berilýär, öý tussagy edilýär. Olar polisiýa tarapyndan soraga çekilip, urlup-ýenjilýär. Köplenç hem jedelli günä bildirilip, suda çekilýär. Biz Özbegistanda söz erkinliginiň, ýygnanmak erkinliginiň dowamly bozulýandygyny görýäris. Öňegidişlige, gelejege bolan umyt gaty az” diýip, Dalhuisen aýtdy.
XS
SM
MD
LG