Siriýanyň günorta şäheri Deraanyň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, howpsuzlyk güýçleriniň ýerli metjide eden hüjüminde azyndan alty adam ölüpdir. Bu metjit hökümete garşy protestçileriň dolandyryş merkezi bolup hyzmat edýärdi.
Berilýän maglumata görä, bu hüjüm ýary gijeden soň, al-Omari metjidiniň töwereginde we özünde amala aşyrlypdyr. Bu ýerde protestçiler ýurtda syýasy reformalaryň amala aşmagyny we korrupsiýanyň soňuna çykylmagyny talap etmek üçin ýygnanypdylar.
Hüjümiň öň ýany töwerekdäki elektrik we aragatnaşyk liniýalary kesilýär. “Facebook” sosial aragatnaşyk ulgamynda ýerleşdirilen wideoýazgyda, tümlükde ýaraglardan ot açylanda, protestçileriň “Allahy Ekber”, ýagny “Alla Beýikdir!” diýip gygyryşmalaryny görüp hem eşidip bolýar.
Siriýanyň resmileriniň aýtmagyna görä, bu hüjüm “ýaragly toparlanyşyklar” tarapyndan amala aşyrlypdyr.
Siriýanyň döwlet telewideniýesiniň berýän maglumatyna görä, atyşykda dört adam ölüpdir. Ölenleriň arasynda orta bilimli lukman, sürüji, howpsuzlyk güýçleriniň wekili we belli doktor bar. Ali Ghassab al-Mahamid atly doktor hüjümiň pidalaryna kömek bermek üçin şol ýere baran ekeni.
Bu telekanal, al-Omari metjidiniň içinden “tapylan” ýaraglary we pullary hem görkezdi.
Bu hadysa Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada we onuň dolandyryjy Baas partiýasyna garşy bir hepde töweregi geçirilýän protestleriň dowamyndaky iň elhenç ganly waka boldy. Baas partiýasy 1963-nji ýylda oppozision herekete gadaganlyk girizipdi.
Al-Omari metjidinde bolan waka Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça edarasynyň Siriýada “parahat protestçilere garşy çakdanaşa güýç ulanmagyny” ýazgarmagyndan bir gün soň ýüze çykdy.
Siriýadaky protestler beýleki arap döwetlerinde ýüz berýän tolgunyşyklar bilen deňeşdirilende, “o diýen” güýçli däl. Emma her niçigem bolsa bu Başar al-Assadyň häkimiýetine garşy juda uly zarba boldy. Başar al-Assad 11 ýyl mundan ozal, ýagny 2000-nji ýylda häkimiýeti wepat bolan kakasy Hafez al-Assaddan alypdy.
Häkimiýet resmileri ýurtda “reformalary we döwrebaplaşdyrmak ýoluny dowam etdirjekdiklerini” aýdýarlar. Şeýle-de olar Deraa welaýatynyň häkimini işinden boşatdylar, bu demonstrantçylaryň öňe sürýän talaplarynyň biridi.
Emma bu çäreler geçen hepde parahat ilatyň arasyndan ençeme adamyň öldürilmegi sebäpli dörän gahar-gazaby ýatyrmagy başarmady. Geçen anna güni howpsuzlyk güýçleri protestçilere garşy ýaraglardan ot açypdylar. Bu ok atyşykda dört adam öldi. Şeýle-de duşenbe güni protestçilere garşy göz ýaşardyjy gazyň ulanylmagy netijesinde 11 ýaşlyja oglan heläk boldy.