Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Işçiler ýadro desgasyndan az salymlyk çekildiler


TEPCO Fukuşima No.1 ýadro desgasyndaky 3-nji (çepde) we 4-nji reaktorlara zeper ýetdi, 16-njy mart.
TEPCO Fukuşima No.1 ýadro desgasyndaky 3-nji (çepde) we 4-nji reaktorlara zeper ýetdi, 16-njy mart.
Ýaponiýada ýer yranmasyndan zeper ýeten ýadro desgasynda çarşenbe güni radiasiýa derejesiniň ýokarlamagy netijesinde ol ýerde işleýän işçiler gysga wagtlap desgadan çykaryldy. Olar radiasiýa derejesiniň aşaklamagy bilen öz işlerini bir sagatdan soň dowam etdirdiler.

Fukuşimadaky “Fukusimo – Daiçi” ýadro toplumyndaky 3-nji reaktoryň özeniniň eremeginiň öňüni almak barada tagalla edilýär. Ol reaktor häzir näsaz.

Ýurduň hökümet kabinetiniň baş sekretary Ýukio Edanonyň aýtmagyna görä, 3-nji reaktoryň içki galybyna zyýan ýeten bolmagy mümkin. Işçileriň hem çekilmegine sebäp bolan şu ýagdaý.

“Şu gün ir sagat 10-an soň girelgede, esasy derwezede radiasiýa derejesi birden ýokarlap 1,000 millisiwerte bardy. Meniň häzirlikçe eşidenim şu. Biz şondan soň işçilerden wagtlaýyn howpsuz ýere çekilmegi haýyş etdik” diýip, Edano aýtdy.

Içki gabyk - reaktordan radioaktiw serişdeleriň çykmazlygy üçin gurlan üç galybyň biri. Edano özüniň bu içki gabyk barada anyk maglumatynyň ýokdugyny, ýöne bu ýerde emele gelen jaýryklardan radioaktiw maddalaryň syzyp çykýan bolmagynyň mümkindigini belledi.

Fukuşima ýadro desgasynda bolan partlamalar we ýangynlar netijesinde bu kompleksiň 240 kilometrlik günortasynda ýerleşýän paýtagt Tokioda sişenbe gününden bäri radiasiýa derejesiniň az-kem artanlygy kesgitlendi.

Anna güni bolan goşa apatdan bäri Ýaponiýanyň kenarýaka etraplarynda millionlarça adam iýmit we suw ýetmezçiliginden, şeýle hem sowukdan ejir çekýär.

Agyr sarsgyn we sunami netijesinde heläk boldy ýa dereksiz ýitdi diýip, resmi taýtan berilýän adamlaryň sany 11 müňden ýokary. Ýapon resmileriniň aglabasy ölenleriň sany 10 müňden geçer diýen pikirden ugur alýar.

Ýaponiýanyň seýrek çykyş edýän imperatory Akihito çarşenbe güni telewideniýe arkaly halka ýüzlendi. Ol sarsgyn we sunamiden pida çekenlere gynanç bildirip, ýurda umydy elden bermezligi ündedi, halky bu kyn günde birek-birege kömek etmäge çagyrdy.

Imperator Akihito ýadro krizisi barada hem alada-ünjüsini beýan edip, özüniň bu ýerde iş alyp barýanlaryň kömegi bilen ýagdaýyň ýaramazlaşmazlygyny umyt edýändigini aýtdy.

Ýadro ekspertleriniň aýtmagyna görä, Fukuşimada radiasiýanyň daşaryk ýaýramagyny basyp ýatyrmak barada teklip edilýän çözgütler dünýäniň iň agyr senagat apatynyň öňüni almaga gönükdirilýän iň soňky synanyşyk.

Anna güni bolan goşa apatdan bäri Ýaponiýada halas ediş işleri dowam edýär.



Hökümetiň ýadro desgasynda bolup geçýän zatlar barada ýeterlik maglumat bermeýänligi sebäpli halkara derejesinde dörän narazylyk hem gitdigiçe artýar. Mysal üçin, Halkara atom eneriýasy agentliginiň Baş sekretary Ýukia Amano: “Bolýan wakalar barada Tokio wagtynda jikme-jik maglumat bermeli” diýdi.

Ýapon mediasy-da: “Ýeterlik magulmat berilmeýär” diýip, hem kökümeti, hem-de bu ýadro desgasyny ýöredýän kompaniýany tankytlaýar.

Atom ekspertleri: “Ýapon häkimiýetleri krizisiň derejesini ulaltmazlyga synanyşýar” diýýärler. Ýaponiýa 12-nji martda bu hadysany 1 bilen 7 aralygyndaky şkalada 4-nji tertibe degişli etdi. Ýöne ondan bärde ýagdaý aşa ýaramazlaşdy.

Franisýanyň ýadro howpsuzlygy baradaky häkimiýeti ASN çarşenbe güni çykan radioaktiw materialdan öň: “Bu hadysa 6-njy derejeli diýip klassifisirlenmeli” diýdi.

Daşary ýurtlar çarşenbe güni öz raýatlaryna Ýaponiýa gitmezligi, ol ýerdäki graždanlaryna hem Ýaponiýany terk etmekligi ýa günorta sebitlere çekilmegi maslahat berdiler.
XS
SM
MD
LG