Liwiýadaky gazaply söweşler çarşenbe güni hem dowam etdi. Hökümeti goldaýan güýçler gozgalaňçylaryň paýtagt Tripolynyň gündogaryndaky we günbataryndaky eýelän möhüm sebitlerini yzyna almak üçin göreşi güýçlendirýärler.
Kaddafiniň tarapdarlary Tripoliniň gündogaryndaky Ben Jawad şäherini yzyna gaýdyp alandyklaryny aýdýarlar. Soňky 48 sagadyň dowamynda gozgalaňçylary bu şäherden çykarmak ugrunda söweş alnyp barylýardy.
Liwiýanyň howa güýçleri soňky 24 sagadyň dowamynda nebit terminal şäheri bolan Ras Lanufa hem hüjüm etdiler. Bu hüjümlerde şäheriň eteklerindäki binalar bombalandy.
Ras Lanufdaky oppozisiýa güýçleri harby uçarlara howa hüjümlerine garşy ýaraglardan ot açdylar. Olaryň aýtmagyna görä, iki gije-gündiziň dowamynda Kaddafini goldaýan güýçleriň birnäçe uçary urlup ýykyldy. Emma harby uçarlaryň hüjümleri oppozisiýanyň elindäki ýaraglaryň kär edip biljek çäginden has ýokardan amala aşyrylýar.
Howa hüjümleri we raketalar arkaly Ras Lanufdaky gaz rezerwuarlaryna zarba urlar diýen howatyrlanmalar bar. Şeýle ýagdaý dörän halatynda emele geljek partlama 15 kilometr radiusdaky ähli kişiniň bagtyny garaltjak howpdugy aýdylýar. Ýöne, her niçigem bolsa, oppozision güýçler ýer üsti hüjümleri yzyna gaýtarmak üçin toplanmagy dowam etdirýärler.
Ras Lanufdaky oppozisiýa söwşijileriniň biri şeýle diýýär: “Allanyň razylygy bilen biz ýeňeris! Biz bu belany ýeňeris. Biz ne ondan, ne-de onuň tanklaryndan we uçarlaryndan gorkýarys. Enșalla, biz ýeňeris!”
Günbatar häzirlikçe anyk hereketlerden saklanýar
Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Kaddafiniň parahat ilatyň garşysyna alyp barýan gazaply hüjümlerine garşy planlanlaşdyrlan hereketde mümkin bolan çäreleri amala aşyrmagy șertleșdiler.
Garalýan çäreleriň arasynda Liwiýadaky ýagdaýlara gözegçilik etmek, gumanitar kömekleri bermek, BMG-niň Liwiýa ýarag embargosyny güýçlendirmek, şeýle-de Liwiýanyň howa giňişliklerinde uçuş gadaganlygyny girizmek bar.
Kameronyň aýtmagyna görä, Kaddafi Liwiýanyň halkyna garşy “elhenç işleri” amala aşyrýarka, dünýä bir çetde durup bilmez.
Çarşenbe güni Ýewropanyň kanun çykaryjylary Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryny resmi taýdan Liwiýanyň oppozisiýasyny ykrar etmäge we Liwiýanyň üstünden uçuş gadaganlygyny girizmegi goldamaga çagyrdylar.
Muammar Kaddafi bolsa, özüniň sişenbe güni beren interwýusynda, eger-de Günbatar Liwiýanyň howa giňişlikleri arkaly uçuşlara gadaganlyk girizse, onda Liwiýanyň olara garşy göreşmäge taýýardygyny aýtdy.
Şeýle-de Kaddafi Liwiýadaky bidüzgünçilikleriň arkasynda Al-Kaýdanyň durandygyny ýene bir gezek gaýtalady.
Liwiýaly gozgalaňçylar hökümeti goldaýan güýçler bilen çaknyşyk wagtynda, Ras Lanuf, 9-njy mart 2011-nji ýyl.
Tripoliniň günbatarynda ýerleşýän, gozgalaňçylaryň garamagyndaky Al-Zawiýah şäherinde gozgalaňçylara garşy tanklardan ot açylýar, raketalar we artilleriýa ulanylýar. Şeýle-de gozgalaňçylaryň pozisiýalaryna howa hüjümleri hem amala aşyrylýar. Bu Muammar Kaddafiniň tarapdarlarynyň bu şäheri eýelemek ugrunda alyp barýan söweşiniň bäşinji günüdir.Kaddafiniň tarapdarlary Tripoliniň gündogaryndaky Ben Jawad şäherini yzyna gaýdyp alandyklaryny aýdýarlar. Soňky 48 sagadyň dowamynda gozgalaňçylary bu şäherden çykarmak ugrunda söweş alnyp barylýardy.