Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýada söweş hereketleri güýjeýär


Hökümete garşy protestçiler Kaddafiniň suratyny ýakýarlar, Bengazi, 2-nji mart.
Hökümete garşy protestçiler Kaddafiniň suratyny ýakýarlar, Bengazi, 2-nji mart.
Muammar Kaddafiniň goşuny gowy guramaçylykly we özüne ynamly gozgalaňçy güýçler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýurduň gündogarynda ýerleşýän Brega şäherini hökümete garşy söweşijileriň elinden yzyna almak maksady bilen hökümet tarapyndan çarşenbe güni edilen harby hüjüm netije bermedi.

Kaddafiniň güýçleri Brega şäherini bombalaýar, 2-nji mart.
Ýöne gowuşýan habarlarda Kaddafä wepadar güýçleriň bu şäheri almak üçin penşenbe güni ir bilen ýene hüjüme geçendigi aýdylýar. Bu hüjüm Brega şäheriniň uçar meýdanyna we onuň golaýynda ýerleşeýän şäherçe Al-Dabiýa howadan urulýan zarbalary hem öz içine alýar.

Hökümet güýçleri çarşenbe güni howa hüjümleriniň kömegi bilen Bregada nebit eksporty üçin möhüm bir gämi duralgasyny gysga wagtlaýyn eýelediler. Ýöne oppozision güýçler soňra bu şäheri alyp, Kaddafi häkimiýet başyndan gitmese, özleriniň paýtagt Tripola tarap günbatara hereket etjekdiklerini aýtdylar.

Harby ekspertler oppozision güýçleriň Kaddafiniň paýtagta kontrollyk edýän adamlaryny ol ýerden gysyp çykarmaga ýeterlik harby başarnyga eýediklerine şübhelenýärler. Olar iki tarapyň-da gutarnykly ýeňiş gazanmaga güýjüniň ýokdugyna salgylanyp: “Liwiýanyň uzaga çeken içki söweşlere uçramagy mümkin” diýýäler.

Söweş hereketleri güýjäp ýörkä, Arap Ligasynyň Baş sekretary Amr Musa penşenbe güni Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawes tarapyndan teklip edilen ýaraşyk plany barada pikir alşylýandygyny aýtdy. “Al Jazeera” telekanaly Kaddafi bilen Musanyň Çawesiň plany barada ylalaşandyklaryny habar berdi. Bu plan boýunça Latyn Amerikasy, Ýewropa we Orta Gündogar syýasatçylaryndan düzülen bir komissiýa araçylyk edip, gepleşikler arkaly bir çözgüt tapmaga synanyşmaly.

Ýöne, habarçylaryň gündogar Liwiýadan bildirmegine görä, hökümete garşy güýçleriň ýolbaşçylary Kaddafiniň režiminiň sahnadan çekilmeginden başga meseleler hakda gürleşmekçi däl.

Derňew geçiriler


Halkara jenaýat sudunyň Baş prokurory penşenbe güni Kaddafiniň režiminiň 10-15 sany ýokary derejeli agzasy barada olaryň adamzadyň garşysyna jenaýat edip-etmändikleri hakda derňew geçirjekdigini bildirdi. Luis Moreno-Okampo muny Ispaniýanyň “El Pais” gazetine beren interwýusynda aýtdy. Ol protestçilere urlan agyr zarbalarda ölenleriň sanyny 600 bilen birnaçe müňiň aralygy diýip çaklaýar. Moreno-Okampo derňew geçirilmeli Liwiýa resmileriniň anyk kimlerdigini indi aýdar diýip, pikir edilýär.

Waşingtonda Ak Tamyň sözçüsi Jaý Karneý Birleşen Ştatlaryň bu derňewe kömek etjekdigini aýtdy: “Birleşen Milletler Guramasynyň Liwiýada bolup geçýän zatlary Halkara jenaýat sudunyň garamagyna bermek baradaky karary bilen baglanyşykda biz Liwiýada bolup geçýän zatlary yzarlamak üçin ähli çeşmelerimizden ýakynadan peýdalanýarys. Maksat parahatçylykly ilatyň garșysyna adam hukuklaryny bozup, ýaramaz işleri edenleriň jogapkärçilige çekilmegini üpjün etmek”.

Waşington ozal Kaddafiniň harby howa güýçleriniň parahat ilata howadan zarba urmagynyň öňüni almak üçin Liwiýanyň depesinde uçuş gadagan zonany döretmek barada BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini karar çykarmaga çagyrypdy. Ýöne ol indi bu çagyryşdan çekilýäne meňzeýär.

Uçuş üçin gadagan zonany döretmegiň çylşyrymly işdigini ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts çarşenbe güni Kongresde geçen diňlenişikde şeýle düşündirdi: “Geliň, açyk gürläliň. Uçuş gadagan zonany döretmegi Liwiýanyň howa hüjüminden goranmak başarnygyny dargatmakdan bașlamalydygy belli. Uçuş gadagan zonany döretmegiň ýoly şeýle. Öz uçarlarymyz urlup ýykylmaz diýip howatyrlanmazdan, uçarlary bu ýurduň howa giňișliginde diňe şondan soň uçuryp bolar”.
XS
SM
MD
LG