Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: oppozision liderleriň goýberilmegine çagyryş edilýär


Sişenbe günündäki protestde adamlar oppozision ýolbaşçylar Mir Hossein Musawi (sagda) bilen Mehdi Karrubiniň tarapyny çalyp: “Diktatora ölüm” diýip gygyryşdylar.
Sişenbe günündäki protestde adamlar oppozision ýolbaşçylar Mir Hossein Musawi (sagda) bilen Mehdi Karrubiniň tarapyny çalyp: “Diktatora ölüm” diýip gygyryşdylar.
Eýrandan gowuşýan habarlarda demonstrantlaryň iki oppozision ýolbaşçynyň tussagdan boşadylmagyny talap edip, düýn geçiren köpçülikleýin üýşmeleňi wagtynda Tähranyň köçelerinde gazaply hereketleriň bolandygy aýdylýar.

Oppozision saýt “Kaleme” we şaýatlar howpsuzlyk güýçleri, șeýle-de “graždan eşikli adamlar” bilen oppozisiýanyň tarapdarlarynyň arasynda çaknyşyk bolandygyny, märekäni dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazyň ulanylandygyny habar berdiler.

Şaýatlaryň Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna aýtmagynä görä, protestçilerden ençeme adam tutulypdyr.

Ýygnanmak bikanun diýlendigine garamazdan, adamlar köçä çykypdyrlar, ýöne näçe adamyň proteste gatnaşandygy belli däl. Habarlarda demonstrantlaryň kiçeňrak toparlara bölünip, şäheriň dürli ýerlerine ýygnanandygy aýdylýar.

Oppozisiýanyň tarapdarlarynyň ýygnanmagynyň öňüni almak üçin paýtagtyň merkezinde köp sanly howpsuzlyk işgäreriniň ýerleşdirilendigi ozal habar berlipdi.

Oppozision saýt “Neda-ýe Sabz-e Azadi” studentleriň uniwersitete gelmeginiň öňüni almak maksady bilen Tähran uniwersitetiniň howpsuzlyk bölüminiň ençeme leksiýalary wagtlaýynça ýatyrandygyny ýazdy.

Düýnki protestde adamlar oppozision ýolbaşçylar Mir Hossein Musawi bilen Mehdi Karrubiniň tarapyny çalyp: “Diktatora ölüm” diýip gygyryşdylar.

Düýnki üýşmeleňden öň “Youtube” saýtynda berlen bir klipde oppozision aktiwistler diýilýan adamlaryň Tähranda gije öýleriň depesine çykyp, “Allahu ekber” diýip gygyryşýanlygy görkezilýär.

Oppozisiýanyň baștutanlary nirede?

Musewä ýakyn durýan “Kaleme” saýty duşenbe güni Musawi bilen Karrubiniň Tähranyň Heşmatiýeh tussaghanasynda saklanýandygyny ýazdy. Ýöne olaryň tussaghana haçan eltilendigi barada anyk maglumat ýok.

Aýdylyşynä görä, Musawiniň aýaly Zahra Rahnaward we Karrubiniň aýaly Fatemeh Karrubi hem tutulypdyr.

Musawiniň we Karrubiniň 14-nji fewraldan, ýagny Müsür we Tunis gozgalaňlaryny goldamak üçin halky köpçülikleýin üýşmeleňe çagyraly bäri öý tussaglygynda saklanýandygyna ynanylýar.

14-nji fewralda geçen üýşmeleňde iki adam öldi. Bu üýşmeleň resmi taýdan gadagan edilen hem bolsa, oňa 10 müňlerçe adamyň gatnaşandygy habar berildi.

Soňky günlerde Musawi bilen Karrubiniň çagalary we goňşulary: “Olar ýaşaýan jaýlaryndan başga ýere äkidilene meňzeýär” diýip, habar berdiler.

Häkimiýetler: “Olaryň daşarky dünýä bilen gatnaşygy kesildi” diýdiler. Ýöne döwlet prokurory Golam Husein Mohseni Ejeýi olaryň tussag edilendigini inkär etdi. Ol: “Jenap Musawi bilen Karrubi Heşmatiýeh tussaghanasyna salyndy diýip, duşmançylykly media tarapyndan neşir edilen habarlar ýalňyş” diýdi.

Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Ramin Mehmanparast hepdelik metbugat ýygnagynda ýagdaýy “içki mesele” diýip atlandyryp: “Amerika bilen beýleki Günbatar döwletleri muny adamlaryň ünsüni nädogry meselelere çekmek üçin uýanýarlar” diýdi.

Musawi bilen Karrubiniň basyş astyna düşmegine sebäp bolan olaryň 2009-njy ýylyň iýun aýynda geçen jedelli ses berişlikde Mahmud Ahmedinejadyň gaýtadan saýlanmagyna garşy çykyp, bu saýlawdan soň turan protestleriň zorlukly basyp ýatyrylmagyny ýazgarandyklary.

Waşingtonda Ak Tamyň sözçüsi Jaý Karneý Eýranda oppozision ýolbaşçylaryň tutulmagyny “kabul ederliksiz” diýip, olaryň boşadylmagyny talap etdi.
XS
SM
MD
LG