Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus sudy oppozisioneri 4 ýyl azatlykdan mahrum etdi


Belarusyň sudy oppozisioner Wasiliý Parfenkowy dört ýyl azatlykdan mahrum etdi, ol berk düzgünli türmede jeza çeker.

Parfenkow 19-njy dekabrdaky prezident saýlawlaryndan soň Minskide bolan köpçülikleýin bidüzgünçiliklere gatnaşmakda günäli bilindi.

Şol bidüzünçilikler boýunça gozgalan iş esasynda 42 adam suda çekiler, olaryň arasynda prezidentlige öňki bäş kandidat, olaryň ynanylan wekilleri, žurnalistler bar.

Tussag edilenleriň arasynda iki Orsýetiň graždany bolup, olara 22-nji fewralda sud ediler.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Mark Toner şeýle diýdi: “ABŞ Belarus häkimiýetleriniň 19-njy dekabr wakalaryna gatnaşanlaryň üstünden ilkinji sud prosesini başlamagyna alada bildirýär. Biz, halkara jemgyetçiligi saklananlaryň ählisini azatlyga çykarmaga, graždan jemgyýetde garşylyklary, garaşsyz habar serişdelerini, oppozisiýany basyp ýatrmagy bes etmäge çagyrdyk, biz şol çagyryşy ýene gaýtalaýarys”.
XS
SM
MD
LG