ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton dürli ýurtlaryň graždan aktiwistleri bilen amerikan hökümetiniň ilkinji strategik gepleşiklerine başlady.
20 gowrak ýurduň graždan jemgyýetleriniň aktiwistleri bilen Waşingtonda diskussiýany açyp, Klinton hökümetlere degişli däl guramalara we adam hukuklaryny goraýjylara kömegi ABŞ-nyň ep-esli artdyrjakdygyny aýtdy.
“Graždan jemgyýetlerine atylýan haýbata garşy durýanlara - tussag edilen adam hukuklaryny goraýjylara, häkimiýetler tarapyndan gorkuzylýan aktiwistlere, senzura sezewar edilýän žurnalistlere biziň berýän kömegimizi iki esse gowrak artdyrýandygymyzy habar bermek maňa ýakymly” diýip, Hillari Klinton häkimiýetler tarapyndan gysyş edilýän hökümetlere degişli däl guramalara gyssagly kömek bermek boýunça halkara fondunynyň döredilýändigini-de habar berdi.