Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Hodorkowskiniň odisseýasy” ogurlandy


2010-njy ýylyň dekabrynda M.Hodorkowskä maliýe galplyklary bilen baglanyşykly başga bir jenaýat aýyplamasy bildirilip, oňa ýene goşmaça 6 ýyl türme tussaglygy berildi.
2010-njy ýylyň dekabrynda M.Hodorkowskä maliýe galplyklary bilen baglanyşykly başga bir jenaýat aýyplamasy bildirilip, oňa ýene goşmaça 6 ýyl türme tussaglygy berildi.

Kimdir-biri ýa-da kimlerdir-birleri Mihail Hodorkowskä hatda kino ekranynda-da tomaşa edilmegini islemeýän ýaly görünýär.

Geçen hepdäniň penşenbe güni M.Hodorkowskiniň ömri barada döredilen täze dokumental filmiň asyl nusgasy bu filmiň režissýorynyň Berlindäki iş ofisinden ogurlanyldy.

“Hodorkowskiniň odisseýasy” diýlip atlandyrylýan bu dokumental filmde onuň durmuşy barada heniz hiç ýerde görkezilmedik kadrlar hem köpdi.

Filmiň ogurlanmagy Berlinde geçiriljek halkara kinofestiwalynyň bary-ýogy birnäçe gün öňýany ýüze çykdy. Berlin kinofestiwalynda bu dokumental filmiň ilkinji debýut görkezilişi bolmalydy.

Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda filmiň režissýory Kiril Tusçi öz ofisiniň gapylary döwülip amala aşyrylan bu ogurlykda özüniň gymmatbaha tehniki enjamlarynyň-da ýitirim bolandygyny aýtdy.

“Ofisiň bäş sany gapysy döwülip, filmiň redaktirlenýän otagyndan bäş sany kompýuter alnyp gidilipdir. Filmiň iň soňky nusgasy hem şol kompýuterlerden birinde ýerleşýärdi” diýip, Kiril Tusçi gürrüň berdi.

Kiril Tusçi häzirki wagt kömekçi serwerlerde saklanyp galan bu dokumental filmiň köne nusgasyny kebşire getirmekligiň üstünde işleýändigini aýtdy we filmiň ozalky planlaşdyrylyşy ýaly 14-nji fewralda hökman kinofestiwalda görkeziljekdigini mälim etdi.

Ikilenji ogurlyk

Munuň özi Hodorkowskiý barada döredilen bu dokumental film bilen baglanyşykly ikilenji ogurlykdyr. Mundan birnäçe hepde öň režissýor Kiril Tusçiniň bu filmiň köne nusgasy ýazylgy noutbuk kompýuteri hem ogurlanypdy.

Berliniň polisiýasy bu ogurlyklaryň ikisi boýunça-da derňew alnyp barylýandygyny, emma häzirlikçe bu wakadan hiç hili uç tapylmaýandygyny aýdýar.

Öz döwründe, 1990-njy ýyllaryň başlarynda Mihail Hodorkowskiý Orsýetde priwatizasiýa boýunça geçirilen giňişleýin kampaniýanyň barşynda “Ýukos” nebit kompaniýasynyň aksiýalaryna eýe bolup, kompaniýanyň ýolbaşçysyna öwrülipdi.

Birneme soňra ol Orsýetin şol wagtky prezidenti Wladimir Putini korrupsiýa garşy göreşmeýänlikde tankytlap we oppozision partiýalara maliýe goldawlaryny berip, Putin bilen gapma-garşylyga giripdi.

2003-nji ýylyň oktýabrynda Mihail Hodorkowskiý salgyt galplyklarynda aýyplanylyp, tussag edildi we 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Ýakynda, 2010-njy ýylyň dekabrynda bolsa, M.Hodorkowskä maliýe galplyklary bilen baglanyşykly başga bir jenaýat aýyplamasy bildirilip, oňa ýene goşmaça 6 ýyl türme tussaglygy berildi.

Filmiň döreýşi

M.Hodorkowskiniň işi bilen baglanyşykly wakalar Orsýetde uly jemgyýetçilik diskussiýalarynyň döremegine sebäp boldy. Onuň tarapdarlary oňa bildirilýän jenaýat aýyplamalaryny syýasy matlaplara esaslanýar diýip hasaplaýarlar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy köp orsýetli we daşary ýurtly aktiwistler bolsa M.Hodorkowskiniň ykbalyny Orsýetde demokratik normalaryň pese gaçmagyny görkezýän bir simwolik waka hökmünde häsiýetlendirýärler.

Mihail Hodorkowskiý barada täze döredilen dokumental film şu gürrüňi edilýän meseleleri dürli taraplardan öz içine alýan film.

Filmiň režissýory rus asylly Germaniýanyň raýaty Kiril Tusçi bu filmi döretmegiň özüne ýeňil düşmändigini aýdýar. Ol bu film bilen baglanyşykly özüne dürli toparlar tarapyndan şübhe bildirilýändigini hem aýtdy

“Geň ýeri ýa-da gyzykly we gülküli ýeri: Kreml Hodorkowskiý maňa pul töleýändir öýdýär. Hodorkowskiniň tarapdarlary bolsa, belli bir döwürde, Kreml maňa pul berýändir öýdüp pikir etdiler” diýip, Tusçi aýdýar.

Kiril Tusçi hakykatynda bu filmiň öz şahsy pulunyň hem-de Germaniýanyň hökümetiniň beren grantynyň hasabyna döredilendigini aýdýar.

Filmde Mihail Hodorkowskiniň özi bilen geçirilen gysgajyk interwýu hem bar. Kiril Tusçinin aýtmagyna görä, uzak haýyşlardan soň häkimiýetler tarapyndan oňa Hodorkowskiý bilen bary-ýogy 10 minutlyk interwýu geçirmäge rugsat berlipdir.

Kiril Tusçi öz film toparynyň Hodorkowskiý bilen interwýu geçiren şol gysgajyk wagtynyň tutuş dowamynda elleri awtomatly türme sakçylarynyň öz üstlerine abanyp durandyklaryny ýatlady.
XS
SM
MD
LG