Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-Hytaý: walýuta duşuşygyň baş temasy


Pekiniň ýuany global walýuta öwürmek baradaky göçümlerini nygtap, Hytaý prezidenti Hu Jintao: “Dünýäniň häzir dollara esaslanýan walýuta sistemasy geçmişiň önümi” diýdi.
Pekiniň ýuany global walýuta öwürmek baradaky göçümlerini nygtap, Hytaý prezidenti Hu Jintao: “Dünýäniň häzir dollara esaslanýan walýuta sistemasy geçmişiň önümi” diýdi.
Analizçileriň ençeme aý bäri güman edip gelýän zadyny Hytaý prezidenti Hu Jintao öten hepde açyk mälim etdi. Pekin öz puly ýuanyň halkara walýutasy hökmünde amerikan dollaryna bäsdeş bolmagyny isleýär.

Bu belent arzuwlar Huwyň prezident Barak Obama bilen Ak Tamda gürleşmezinden öň “The Wall Street Journal” we “The Washington Post” gazetine beren interwýusynda ýüze çykdy.

Pekiniň ýuany global walýuta öwürmek baradaky göçümlerini nygtap, Hytaý prezidenti Hu Jintao: “Dünýäniň häzir dollara esaslanýan walýuta sistemasy geçmişiň önümi” diýdi.

“Uzak ýoly arka atmaly”

Emma Londonda ýerleşýän “Capital economics” merkeziniň Hytaý boýunça ýokary derejeli ykdysadyýetçisi Mark Williamsyň pikiriçe, Hytaý öz puluny dollara bäsdeş etjek bolsa, uzak ýoly arka atmaly bolar.

“Pekin ýuany Hytaýdan daşarda köpräk ulanylmagyny bu ýakynda däl-de, uzak möhletli isleýän hem bolsa, bu proses haýal gider. Bu birküç ýylyň içinde üýtgeýän zat däl, uzak möhletli ösüş” diýip, Williams aýdýar.

Maliýe ekspertleri Hytaýyň öz pulunyň täsirini güýçlendirmek üçin soňky wagtlarda uly ädimleri ädendigini belleýärler. Mysal üçin, ýaňy 18 aý mundan ozal-da ýuany Hytaýdan daşarda asla ulanyp bolmaýardy. Ýöne indi Gong-Kongda bank hasaplarynda ýuany ulanmaga rugsat edilýär. ABŞ-da we Ýewropada hem bu işe ýol berýän birnäçe bank bar.

Ozal söwda Hytaýyň içinde hem daşynda ilkinji nobatda amerikan dollary arkaly alnyp barylýardy. Indi bu Hytaýyň öz puly bilen hem bolýar. Ýöne ýuanda bolýan söwda möçberi we daşary ýurtlardaky banklarda ýuan hasaplaryndaky pullar köp däl.

“Ýuan dollar bilen başa-baş bäsleşige girjek bolsa, konwertasiýa doly ukyply bolmaly” diýip, Londonda ýerleşýän “Economist Intelligence Unit” merkeziniň Hytaý boýunça analizçisi Gares Lezer aýdýar.

Birek-biregi günäleýärler


Waşington bilen Pekin pul syýasatlarynyň halkara söwdada we global ykdysadyýetde problema döredýändigini aýdyp, birek-biregi günäleýärler. Birleşen Ştatlar: “Hytaý ýuanyň nyrhyny ýasama suratda aşakda saklap, eksportda öz önümlerine amatly ýagdaý döredýär” diýýär.

Ak Tamyň sözçüsi Robert Gibbsiň aýtmagyna görä, Hytaý öz puluna täzeden nyrh kesmeli diýýän ýurtlar köp. Gibbs bu hakda: “Biziň pikirimizçe, olaryň puly barada köp işler edilmeli. Inflýasiýanyň olaryň pulunyň hakyky nyrhyna käbir täsirleriniň bardygy belli. Ýöne olar muňa jogap edip, pullarynyň nyrhyny üýtgetmegiň deregine çäkli çäreler girizdiler” diýdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Hong Lei: “Hytaý bilen söwda defisitinde Waşington ýuany günälemeli däl” diýýär. Ol bu barada șeýle diýýär: “Biz amerikan kanun çykaryjylarynyň hytaý-amerikan gatanşygynyň ähmiýetine düşünip, ikitaraplaýyn gatnaşyklara zyýan ýetirmegiň deregine iki ýurduň ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň sagdyn, durnukly ösmegini güýçlendirer diýip, umyt edýäris”.

Hytaý boýunça analitik Williams Hytaýyň öz puly ýuanyň nyrhyny pesde saklamak üçin tutan häzirki ýoly bilen onuň global walýuta öwrülmeginiň arasyndaky gapma-garşylyga ünsi çekýär.

“Hytaýyň iki maksady bar. Biri: adamlaryň Hytaýdan daşarda ýuany ulanmagy. Beýlekisi hem onuň güýçlenýän derejesini kontrollyk astynda saklamak. Hytaý syýasatçylary ýuany pes derejede saklaýar. Bu hem Hytaýda maliýe sistemasyna belli bir derejede durnuklylyk getirýär hem-de eksporta peýdaly” diýip, Williams belleýär.

Williamsyň pikiriçe, bu iki maksadyň arasynda konflikt bar: “Sebäbi daşardaky adamlarda ýuan näçe köp bolsa, hytaý syýasatçylaryna onuň nyrhyny gözegçilik astynda saklamak şonça kyn düşer”.
XS
SM
MD
LG