Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gözegçilikde sputnik suratlaryndan peýdalanyş


Öňünden subutnama toplamak bilen genosid ýa beýleki gyrgynçylyklaryň öňüni alyp bolarmy - bu hasyl bolmagy kyn arzuw. Sebäbi sputnik bolup duran wakalary şol bada göni berenok.
Öňünden subutnama toplamak bilen genosid ýa beýleki gyrgynçylyklaryň öňüni alyp bolarmy - bu hasyl bolmagy kyn arzuw. Sebäbi sputnik bolup duran wakalary şol bada göni berenok.
Adamlar özlerine seredilip durka etjek işlerini arkaýyn edip bilmän, başgaça hereket edýärler. Aýratyn hem ediljek iş oňlanmaýan iş bolsa. Bu dissidentleri basyp saklamak üçin awtoritar režimler tarapyndan häli-şindi ulanylýan usul.

Ýöne ägä bolmak gowy işler üçin hem peýdaly bolup bilýär. Onuň hatda geljekki aýylganç işleriň öňüni almakda hem peýdasynyň degmegi mümkin. “Google”, Birleşen Milletler Guramasynyň sputnik işlerinden peýdalanma programmasy, Garward gumanitar inisiatiwasy hem-de hökümete degişli däl beýleki guramalaryň hyzmatdaşlygy bilen ýola goýlan “Satellit Sentinel” proýekti hem şu pikirden ugur alýar.

Dünýäniň dürli hökümetleri sputnik arkaly surat almaklygy onlarça ýyllap beýleki ýurtlaryň üstünden içalyçylyk etmek üçin ulandylar. Sputnigiň söwda maksady bilen öndürilmegi bolsa 1999-njy ýylda başlandy.

“Amnesty International” tejribesi

Öz gözegçilik işlerinde sputnik suratlaryndan peýdalanmakda ilkinji hatarda duran adam hukuklaryny goraýjy edara - “Amnesty International” guramasy. Ol bu işi 2008-nji ýylda Orsýet bilen Gürjistanyň arasynda giden uruşda-da etdi.

Günorta Ossetiýanyň Tamarşeni şäheriniň sputnikden alnan suratynda ýykylan jaýlaryň üçekleri görünýär, 19-njy awgust, 2008. Surat: © 2008 ImageSat/analysis by AAAS.



“Amnesty International” Günorta Ossetiýanyň paýtagty gürji güýçleri tarapyndan bombalananda parahat ilata degişli 100-den gowrak öý dargady diýilýän habarlary sputnik suratlarynyň tassyklandygyny aýdýar.

Patrik Meier Garward gumanitar inisiatiwasynda Krizis kartasyny düzüş proýektini ýola goýanlaryň biri. Ol: “Sputnik bilen alnan suratlar beýleki metodlar bilen edinilen maglumatlary tassyklap bilýär. Bu bir möhüm zat” diýýär.

“Olar dartgynlylygy artdyrýar, maglumaty, belli bir ýagdaý baradaky subutnamalary köpeldýär. Bular hem gowy zatlar hasaplanýar. Meniň garaýşymça, bu ýerde göz öňünde tutulýan zat muňa bir ekosistema diýip garalmagy. Mysal üçin, Sentinel proýekti bu sistemada aktýorlary tutmak üçin edilýän tagallaryň üstüne ýetirýär” diýip, Meier aýdýar.

Öten iýunda Gyrgyzystanyň günortasynda turan etniki çaknyşyklardan soň sputnik suratlary çaknyşygyň geografik çäklerini ölçemek üçin ulanyldy.

Žurnalistleriň başarmaýany

Lars Bromleý Birleşen Milletler Guramasynyň sputnik işlerinden peýdalanyş programmasynda sputnik suratlaryny analizleýän ekspert. Onuň aýtmagyna görä, sputnik arkaly Gyrgyzystandan alnan suratlar ýagdaýy ol ýerdäki žurnalistleriň edişinden has doly şekillendiripdir.

“Gyrgyzystandaky ýagdaý barada maglumat ýetirip duran žurnalistler bardy. Ýöne mesele ol ýerde barýan çaknyşygyň çäginiň näbellidigidi. Ine, suratlaryň peýdasy şu ýerde degýär. Sen gazaply hereketleriň diňe bir žurnalistiň habar berip duran ýerinde däl, şäheriň beýleki ýerlerinde hem barýandygyny görýärsiň” diýip, Bromleý aýdýar.

Öňünden subutnama toplamak bilen genosid ýa beýleki gyrgynçylyklaryň öňüni alyp bolarmy - bu hasyl bolmagy kyn arzuw. Sebäbi sputnik bolup duran wakalary şol bada göni berenok. Suratlar taýýarlanýança 8-24 sagadyň aralygynda wagt gerek bolýar. Bu hem uly bir hüjüme geçip, ençeme obany gyrara ýeterlik wagt.

Sputnik arkaly edilýän gözegçiligiň gazaply hereketleri ýüz bermezden öň togtatmazlygy mümkin. Emma Bromleý “ol bu hereketleriň öňüni böwetlemekde, aýratyn-da sowa regionlarda netije berer” diýen pikirde.

BMG-niň eksperti Bromleý: “Şular ýaly ýagdaýda herekete geçilmezden öň, hemmeler bu gazaply hereketleriň tassyklanmagyny isleýär. Sputnik suratlary bolsa bu subutnamany üpjün edip bilýär” diýýär.
XS
SM
MD
LG