15-nji ýanwarda «Wikipedia» internet ensiklopediýasynyň döredilenine dogry 10 ýyl boldy. Bu waka dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda bellenilip geçildi.
«Wikipedia» şu geçen döwrüň içinde millionlarça adamlar tarapyndan ýygy-ýygydan ulanylýan örän möhüm maglumat çeşmesine öwrüldi.
Ol internet ulanyjylaryň özleri tarapyndan üsti ýetirilip durulýan we mugt ulanylýan özboluşly internet ensiklopediýasy bolup durýar.
Bu internet ensiklopediýasyndaky maglumatlar biri-birlerinden düýpgöter tapawutlanyp hem bilýärler, emma onda islendik bir adamyň islendik bir obýekt ýa tema barada özünde bar bolan maglumatlary beýlekiler bilen paýlaşmagyna hem-de gürrüňi edilýän tema baradaky maglumatlary has baýlaşdyrmagyna, anyklaşdyrmagyna mümkinçilik berilýär.
Munuň özi maglumatlaryň has takyk bolmagyna we galp maglumatlaryň ýaýramagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär.
Beýle meşhurlyga garaşylmandyr
«Wikipedia» ensipklopediýasyny esaslandyryjy Jimmi Weýls öz döreden bu maglumat bazasynyň on ýyllygy mynasybetli internetde ýerleşdiren wideo ýazgysynda öz başyny başlan bu proýektiniň şeýle meşhurlyga eýe bolar öýdüp garaşmandygyny aýdýar.
«Meniň ‘Wikipedia’ saýtyny ilkinji gezek neşir edelim bäri on ýylyň geçendigine ynanmak hem kyn. Şu günki gün biziň bu ensiklopediýamyzda ýüzlerçe dillerde millionlarça makalalar bar. Şu günler her aýda bu websaýta 400 million töweregi adam girýär. Munuň özi haýran galdyryjy waka. Biziň medenimýetimize onuň ýetiren täsiri barada aýtmaly bolsa, ol täsir aklyňy haýran ediji täsir» diýip Jimmi Weýls belleýär.
Soňky geçen on ýylyň içinde «Wikipedia» köp adamlar üçin kem-kem ygtybarly we hatda hiç bir hili başga çeşme bilen çalşyryp bolmajak maglumat çeşmesine öwrüldi.
Soňky geçirilen barlaglar «Wikipedia» websaýtynyň tutuş dünýä boýunça iň köp ulanylýan bäşinji internet saýtydygyny görkezdi.
Meýletin administrator
«Wikipedia rewolýusiýasy» atly kitabyň awtory Endrýu Lih bu internet ensiklopediýasynyň iňlis dilindäki görnüşiniň administratory hökmünde iş alyp barýar.
Administrator hökmünde ol islendik bir maglumaty ýa sahypany bozup biläýär ýa-da olara hiç kim üýtgetme girizip bilmez ýaly, olary bloklap bilýär.
Ol şular ýaly gorag düzgünleriniň girizilmeginiň «Wikipedia» websaýtynyň hemmeler üçin açykdygyna garamazdan, ondan islendik bir adamyň hyýanatçylykly peýdalanmagyna ýol bermezlik üçin edilendigini aýdýar.
«Wikipedia» websaýtynyň köpsanly beýleki administratorlaryna we maglumat ýazyjylaryna meňzeşlikde Endrýu Lih hem bu saýtyň üstünde meýletin esasda işleýär.
Websaýtyň administrasiýasynyň öz işine ünsli çemeleşmegi, şol sanda maglumatlary ygtybarly çeşmeler bilen esaslandyrmak ýaly berk düzgünlere eýerilmegi «Wikipedia» ensiklopediýasynyň ygtabarlylygyny we abraýyny-da soňky ýyllar has artdyrdy.
Şübheler hem ýok däl
Ýöne, şeýle-de bolsa, «Wikipedia» arkaly alynýan maglumatlaryň ygtybarlylygyna şübhelenýän adamlar we guramalar hem ýok däl. Mysal üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky okuw jaýlaryndan käbirleri bu websaýtdaky maglumatlara salgylanmaklygy gadagan etdiler.
«Wikipedia» websaýty üçin ukrain dilinde meýletinlik bilen maglumat taýýarlaýjylardan biri Ýuriý Perohanyh bu saýtyň iňlis dilindäki görnüşine iberilýän maglumatlaryň soňky wagtlar azalyp ýörendigine garamazdan, ukrain dilinde maglumatlaryň entek köp boljakdygyna ynanýar.
«Ýedi ýyl mundan ozal ukrain dilinde bizde birem material ýokdy. Häzir bolsa bizde ukrain dilinde 250 müň töweregi makala bar. Biz her gün 200 bilen 300 aralygynda täze maglumat taýýarlaýarys. Men geljek bäş ýylyň içinde bu ugurdaky osuşleriň gaty uly boljakdygyna ynanýaryn» diýip, Ýuriý Perohanyh belleýär.
Ukrain dili bilen deňeşdirilende has az milletli dillerde-de «Wikipedia» ensiklopediýasy soňky wagtlar kem-kem giň meşhurlyga eýe bolup ýör.