Karzaý muny 20-nji ýanwara çenli ýerine ýetirmegi söz berdi. Şonda täze parlament kasam kabul eder. Şondan soň, ýurtda dört aýlap dowam eden syýasy oňşuksyzlygyň tamamlanmagy mümkin.
Emma, prezident köşgündäkileriň aýtmagyna görä, sentýabrdaky parlament saýlawlarynyň netijesi Hamid Karzaýyň keýpini bozýar. Bu saýlawlarda Karzaýyň ýaranlary bolan kandidatlaryň köpüsi utuldy we saýlawlaryň netijelerine garşy protestler dowam edýär.
Parlamentiň aşaky öýi Loýa Jirge kanun çykaryjy organ we ol galplyklar bilen bagly müňlerçe şikaýat sebäpli birnäçe gezek soňa süýşürildi. Bu baradaky karar ahyryn 1-nji dekabrda alyndy.
Mişrano Jirgäniň, ýagny Ýaşulular maslahatynyň 102 agzasy bar. Olaryň 34-ni prezident belleýär we 68-si bolsa, ýurduň 34 welaýatyndaky geňeşlerde saýlanýar.
Kanunlar işledimi?
Kabully Awdul Sattar Saadat kanun meseleleri boýunça analitik. Onuň sözlerine görä, sentýabrdaky saýlawlarda kanunlar ýoýuldy. Sebäbi howply ýagdaýlar sebäpli Owganystanda köp adamlaryň ses bermäge mümkinçiligi bolmady.
Awdul Saadatyň pikiriçe, ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasy saýlawlaryň jemleýji netijeleriniň utulan kandidatlara-da kabul ederlikli bolmagy üçin zerur şertleri döretmeli. Ol prezident Karzaýyň administarsiýasy bilen wagtlaýyn parlamentiň aşaky öýüniň gatnaşykalarynyň dartgynlydygyny hem aýtdy.
Parlamentiň aşaky öýi ýurduň Ministrler Kabinetiniň agzalygyna hödürlenen kandidatlaryň köpüsini ret etdi we prezidentiň adminstrasiýasyny resmilerden para alanlykda aýyplady.
“Bizde bar bolan maglumatlara görä, entek hatda täze parlament kasam kabul edip ýetişmänkä, onuň agzalary prezidenti nyşana almak isleýärler. Käbir agzalar prezidenti ýürdy içinden dargatmakda we öz wezipesini ýerine ýetirmezlikde aýyplamak üçin material ýygnaýarlar” diýip, Awdul Saadat aýdýar.
Onuň aýtmagyna görä, käbir parlament agzalary şeýle ýol bilen prezidentiň ýurduň öz içindäki hem Halkara arenasyndaky pozisiýasyna zeper ýetirmekçi bolýarlar: “Hut şunuň parlamentiň we hökümetiň arasyndaky çaknyşyga sebäp bolmagy mümkin. Emma, bu oňşuksyzlygyň bahasyny owgan halky tölemeli bolar”.
“Döwlet agdarlyşygy”
Sentýabrdaky parlament saýlawlarynda täzeden saýlanyp bilmedik Dawut Sultanzoý häzirem saýlawlaryň netijelerine aktiwlik bilen garşy durýar. Ol saýlawlaryň netijelerini meýdan komandirleriniň prezident Karzaýa garşy “döwlet agdarlyşygy” diýip atlandyrýar. Ol saýlawlaryň netijeleri babatda hökümetiň ýa-da Ýokary suduň edip biljek zadynyň ýokdugyna ynanýar.
Puştun asylly Sultanzoý wagtlaýyn parlamente Gazni welaýatyndan wekilçilik edýär. Hut howpsuzlyk meselesi Gaznidäki puştunlaryň saýlawlarda ses bermegine böwet boldy we bu welaýatdan parlamente agza bolanlaryň ählisi puştun. Sultanzoý täze parlamentiň ýurtdaky syýasy ody ölçermegi ahmal. Sebäbi onuň köp agzalary meýdan komandirleriniň tarapdary diýdi.
Fawziýa Koofi bolsa Badahşan welaýatyndan parlamente täzeden saýlanan agza. Ol saýlawlarda galplyklaryň, eden-etdilikleriň köp bolanlygyny we howpsuzlygyň ygtybarsyz welaýatlarynda saýlawçylaryň saýlawa gatnaşygynyň pes bolandygyny ykrar edýär.
Emma Koofi parlament saýlawlarynyň 2009-njy ýyldaky dawaly prezidentlik saýlawlaryndan ýaramaz geçmändigini sözüne goşdy. Ol prezident Hamid Karzaýyň hökümetiniň täze parlament bilen işleşende, seresaply bolmalydygyny hem nygtaýar.
Wagtlaýyn parlamentiň agzalarynyň arasynda sowetlere garşy bolan mujaheddin toparlary we raýat jemgyýetiniň käbir wekilleri hem bar. Synçylaryň pikiriçe, täze parlamentde möhüm meýdan komandirleriniň tarapdarlarynyň köp boljakdygy aýdylsa-da, onuň geljekki ugrunyň nirädigini çaklamak kyn.