Munuň özi Yragyň häzirki premýer-ministri Nuri al-Mälikiniň gazanan uly üstünligi diýlip hasaplanylýar. Indi ol Yragyň esasy syýasy we etniki toparlarynyň, şol sanda, şaýylaryň, sünnüleriň, kürtleriň we sadrçylaryň hem wekillerini öz içine alýan hökümete ýolbaşçylyk eder.
Şu ýylyň mart aýynda parlament saýlawlary geçirleli bäri geçen dokuz aý Yragyň syýasy we milli toparlarynyň arasyndaky ýiti dawalar we çekeleşikler bilen alamatlandy.
Mart aýyndaky saýlawlaryň yzýany Nuri al-Mälikiniň Ministrler Kabinetine hödürlenen 42 adamdan 13-siniň kandidaturasyny yzyna gaýtarmagy bilen, parlamentdäki dawa-jenjeller hasam güýçlenipdi.
Premýer-ministr Nuri al-Mäliki bu ýagdaý barada düýn şeýle diýdi: «Men milli bitewilik hökümetini döretmek meselesini etniki, dini we partiýalaýyn köpdürliligi öz içine alýan bu ýurtda iň bir kyn bolan mesele diýip hasaplaýaryn».
Öňde uly synaglar dur
Häzirki döredilen täze milli bitewilik hökümetiniň öňünde indi uly synaglar dur. Ol synaglaryň hatarynda ýedi ýyl dowam eden uruşlardan soň ýurdy dikeltmek we tire-taýpa dawalaryny gowşatmak ýaly uly synaglar hem bar.
Yragyň hökümeti we parlamenti amerikan güýçleriniň Yrakdan çykmak prosesleri bilen baglanyşykly meseleleri-de talabalaýyk çözmeli bolar. Birleşen Ştatlar öz güýçlerini Yrakdan şu geljek 2011-nji ýyldan çykaryp başlamaklygy planlaşdyrýar.
Düýn parlamentde täze hökümetiň düzüminiň kabul edilmeginiň yzy bilen telewideniýede eden çykyşynda premýer-ministr Nuri al-Mäliki öz hökümetiniň terrorizme garşy göreşmek, dowam edýän tire-taýpa dawalaryny çözmek we goňşy arap döwletleri bilen gatnaşyklary gowulandyrmak boýunça düýpli iş alyp barjakdygyny aýtdy.
Häzirki wagt sünni-yslam mezhebine eýerýän arap döwletleriniň köpüsinde Yragyň şaýy hökümetine ynamsyzlykly garaýyşlar agdyklyk edýär.
Bu Nuri al-Mälikiniň ýeňşimi?
Yrakda täze hökümetiň döredilmegini öňi bilen gutlanlaryň hatarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Britaniýa hem boldy.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama, Döwlet sekretary Hillari Klinton we Britaniýanyň daşary işler ministri Wilýam Heýg bu barada eden beýanatlarynda Yrakdaky bu wakany durnuklylaga we ösüşe tarap örän bir möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirdiler.
7-nji martda geçirilen parlament saýlawlarynda Yrakdaky syýasy partiýalardan we bloklardan hiç biri 325 orunlyk parlamentde agdyklyk ediji orna eýe bolup bilmändi.
Saýlawlarda Aýýad Allawiniň sünnilerden durýan syýasy koalisiýasy beýleki partiýalara garanyňda iň köp ses alypdy, Nuri al-Mälikiniň şaýylardan ybarat syýasy koalisiýasy bolsa ikinji orunda boldy.
Emma, şeýle-de bolsa, Nuri al-Mäliki parlamentdäki deputatlaryň ýeterlik goldawyny gazanmak bilen, hökümet başynda galmaklygy başarypdy.
Düýn parlamentde täze hökümetiň düzüminiň kabul edilmegi bilen baglanyşykly eden çykyşynda sünnüleriň syýasy koalisiýasynyň lideri Aýýad Allawy öz koalisiýasynyň täze hökümet bilen doly partnýorlykda hyzmatdaşlyk etjekdigini nygtady.