Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew 23-nji noýabrda öz Web sahypasynda ýerleşdiren wideoýüzlenmesinde ýurtda syýasy bäsleşigiň azalmagy bilen syýasy durgunlygyň emele gelmek howpunyň artýandygyny duýdurdy.
Oppozisiýanyň liderleri prezident Dmitriý Medwedewiň bu sözleri tüýs ýürekden aýdandygyny sorag astynda goýup, bu waka bilen ýene bir syýasy oýnuň başlanýandygyny çaklaýarlar.
Medwedew ýurdy dolandyrýan “Bütewi Orsýet” partiýasynyň häkimiýetde artykmaç güýje eýedigini ýiti tankytlap, ýurtda patiýalaryň arasynda özara bäsdeşligiň bolmazlygynyň Orsýeti durgunlyga sezewar edýändigini aýtdy.
‘Durnuklylykdan durgunlyga’
Medwedew wideoýazgyda şeýle diýdi: “Soňky döwürde biziň syýasy durmuşymyzda durgunlygyň alamatlarynyň peýda bolmagy hiç kime syr bolmasa gerek. Şeýlelikde häzir biziň jemgyýetimize durnuklylygyň durgunlyga öwrülmek howpy abanýar”.
Köplenç durgunlyk diýen söz ruslar tarapyndan Brežnewiň döwri barada gürrüň edilende agzalýar. Şol döwür bolsa Sowet Soýuzynyň kuwwatly döwlet hökmünde öz güýjüni ýitirendigi bilen taryha girdi.
Prezident Dmitriý Medewdewiň bellemegine görä, bu ýagdaý diňe oppozision partiýalar üçin däl, eýse ýurdy dolandyrýan partiýa - “Bütewi Orsýet” partiýasy üçin hem howply ýagdaýdyr.
“Oppozisiýa adalatly saýlawlarda ýeňiş gazanmak mümkinçiliginden mahrum edilse, ol gitdigiçe pese düşüp, ahmiýetini ýitirýär. Ýurdy dolandyrýan partiýa-da hiç haçan ýeňilmejekdigini bilse, ol bürünje gaplanyp, bu partiýanyň hem işi dargaýyşa sezewar bolup, netijesizlige uçraýar” diýip, Medwedew belledi.
Şonuň üçin, Medwedewiň pikiriçe, ýurtda syýasy bäsleşigiň derejesini ýokarlandyrmak zerurlygy ýüze çykdy. Şeýle bäşleşige ýol açmak üçin bolsa degerli şertleriň döredilmelidigini Orsýetiň prezidenti Medwedew nygtady.
Oppozisiýanyň liderleri Medwedewiň bu sözleri tüýs ýürekden aýdandygyny sorag astynda goýdular. Liberallaryň lideri Wladimir Ryžkow “Interfaks” gullugyna beren interwýusynda “Aýdylan sözler biz üçin ýeterlik däl, biz herekete garaşýarys” diýdi.
“Bütewi Orsýetiň” agalygy
Ýurduň premýer-ministri Wladimir Putiniň ýolbaşçylygyndaky “Bütewi Orsýet” partiýasy 2001-nji ýylda döredildi we şondan bäri ol ýurduň parlamentinde orunlaryň köpçüligini eýeläp gelýär.
Tankytçylaryň pikiriçe, Putiniň gol astyndaky bu partiýa hökümetde dissidentlere orun goýman, ýurtda syýasy opposiziýanyň ähmiýetiniň doly gaçmagyna getirdi.
2010-njy ýylda adam hukuklary boýunça “Freedom House” guramasynyň ýaýradan maglumatynda Orsýetiň saýlaw sistemasynyň hiline gaty pes baha berlip, onuň 2012-nji ýylda geçirilmeli prezidentlik saýlawlarynda hiç bir garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykmaz ýaly gurnalandygy aýdyldy.
Muňa garamazdan, 11 minut dowam eden ýüzlenmesinde prezident Medwedew özüniň prezidentlik möhletiniň ilkinji iki ýylynyň dowamynda geçiren reformalarynyň Orsýetiň syýasy sistemasynyň öňküsinden has açyk hem çeýe bolmagyna täsir edendigine ünsi çekdi.
Medwedewiň aýtmagyna görä, durmuşa geçirilen reformalaryň çäginde saýlawlardaky galplyklary kemeldip biljek çäreler, şeýle hem ýerli saýlawlarda ýeňiş gazanan partiýalara regional, welaýat häkimini saýlamakda has köp ygtyýarlyk berýän çäreler geçirilipdir.
Häzir regional häkimler prezident tarapyndan saýlanyp, teklip edilýär. Medwedew ýurtda köppartiýalylyga ýol açmak üçin belli bir partiýanyň saýlawlara gatnaşmagy üçin zerur bolan saýlawçylaryň gollarynyň sanyny azaltmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
‘Kosmetiki çäreler’
Ýabloko partiýasynyň lideri Sergeý Mitrohin, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda prezident Medwedewiň bu agzan reformalarynyň ýüzleýdigini aýtdy: “Hakykatda bu agzalan çäreler ýüzleý, kosmetik häsiýete eýe bolup, olar hiç zady özgertmeýär”.
“Saýlawlara gatnaşmak üçin partiýalar saýlawçylaryň gollaryny ýygnamaly. Özem gol çeken adamyň pasportyndaky maglumatlar hem alynýar. Adamlaryň bolsa şol maglumatlary beresleri gelmeýär, sebäbi ol maglumatlaryň özlerine garşy ulanylmagyndan howatyrlanýarlar” diýip, Sergeý Mitrohin aýdýar.
Mitrohiniň pikirine göra, aaýlaw prosesinde hemmeler üçin deň mümkinçilik döredilmedi: “Prezidentiň özi hem muny gaty gowy bilýär. Şeýle ýagdaýda ýurduň kanunynyň özi käbir partiýalary kemsidýärkä, nädip olaryň ahmiýetiniň pese düşmeginiň öňüni alyp bolar?”
Moskwada ýerleşýän Karnegi merkeziniň analitigi Nikolaý Petrow Medwedewiň bu wideoýüzlenmesiniň, prezidentiň 30-njy noýabrda Orsýet Dumasynyň iki palatasyna ýüzlenip etjek çykyşynyň öň ýanyndaky taýýarlyk diýip, hasap edýändigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Prezident Medwedewiň şol çykyşyny analitikler hem üns berip diňlejekler. Sebäbi hut Dumada planlaşdyrýan çykyşynda Dmitriý Medwedewiň 2012-nji ýyldaky saýlawlara gatnaşyp-gatnaşmajakdygy barada aýtmagyna garaşylýar.
Köp adamlar Orsýeti hakykatda Wladimir Putin dolandyrýar diýip hasaplaýarlar. Onsoň ol ýene iki ýyldan gaýtadan prezidentlik wezipesini eýelemegi planlaşdyrýarmy diýen soragyň-da aýdyňlaşmagyna garaşylýar.