Kipriň prezidenti Dimitris Hiristopiýas düýnki eden çykyşynda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň bu ýurda edýän saparyna “taryhy sapar” diýip baha berdi.
D.Medwedew Aljire edýän saparyndan soň şu gün Kipre barmaklygy planlaşdyrýar. Prezident Hiristopiýas ýokary bilimi öňki Sowet Soýuzynda alan we Kommunistik geçmişi bolan partiýanyň öňki lideridir.
Ol Medwedewiň sapary barada eden çykyşynda “bu wizit iki ýurduň gatnaşygyny hasam ýakynlaşdyrar” diýdi.
Hiristopiýas aýratynam ikä bölünen bu adanyň bileleşdirilmegi boýunça alnyp barylýan tagallalara-da bu saparyň uly ähmiýetiniň boljakdygyny aýtdy. Kipr 1974-nji ýylda Grekler bilen Türkleriň arasynda ikä bölünipdi.