Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky hususy sektory ösdürmek ugrunda iş alyp barýan Yslam korporasiýasy bilen bilelikde ýurtda ilkinji inwestision kompaniýany döretmek boýunça işe başlady.
Halkara inwestision kompaniýany döretmekden maksat ýurduň hususy sektoryny, orta we kiçi biznesi ösdürmekden ybarat. Şeýle-de, bu ilkinji inwestision kompaniýanyň işi telekommunikasiýa, önümçilik karhanalary, gurluşyk we beýleki infrastrukturalary ösdürmäge gönükdirilýär.
Kanunlaryň işlemeýändigi we bazar ykdysadyýetine geçmegiň hem haýal gidýändigi üçin Türkmenistan daşary ýurt inwestisiýalarynyň az gelýän ýurdy hasaplanýar. Eger-de Yslam ösüş banky ýaly banklar Türkmenistanda inwestision kompaniýalary açmaga gelýän bolsalar, bu, elbetde, oňyn ýagdaý.
«Kanunlar kagyz ýüzünde galýar»
Emma bu işiň hususy eýeçilikdäki adamlara, işewürlere peýdasy bolarmy? Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew hut şu meseläniň möhüm bolup durýandygyny nygtaýar.
«Umuman, Yslam korporasiýasynyň hyzmatdaşlyga gelmesini gutlaýarys. Emma olaryň işinde birazajyk açyklyk bolmaly. Şeýle bolanda, munuň Türkmenistanda has sagdyn görnüşdäki hususy eýeçiligiň kemala gelmegine, kiçi we orta biznesiň ösmegine hökman kömegi degerdi» diýip, Amanmyrat Bugaýew belledi.
Eýse, Türkmenistanda inwestision kompaniýalaryň kadaly işlemegi üçin şertler barmy? A.Bugaýew, umuman, munuň bu kompaniýalaryň özlerine baglydygyny, Türkmenistanda dünýä standartlaryna gabat gelýän kanunlaryň kabul edilendigini aýdýar.
Emma, beýleki tarapdan, ol «Ýöne şol kanunlar kagyz ýüzünde galýar. Eger-de ýurtda iş alyp barjak geljek banklaram, kompaniýalaram kanunyň çäklerinde işleseler, ýurduň içinde olarda işlemäge höwes edýän adamlar kän» diýip belledi.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň önki başlygy Hudaýberdi Orazow hem halkara düzgünleri boýunça inwestision kompaniýalar döredilip, olar şol düzgünlere görä-de işleseler, onda munuň ýurt üçinem, hususy sektor we adamlar üçinem gowy boljakdygyny aýdýar: «1990-njy ýyllarda daşary yurt maliýe guramalary bilen şeýle kompaniýalary açmak ugrunda köp işler edildi. Emma Türkmenistanda erkin hususy eýeçiligiň ýoklugy zerarly, bu kompaniýalar işläp bilmediler».
Goňşularyň tejribesi
Ösen ýurtlarda inwestision kompaniýalaryň päsgelçiliksiz işlemegi üçin ähli şertler döredilýär. Eýsem, şeýle şertler Türkmenistanda barmy? H.Orazow inwestision kompaniýalaryň Türkmenistanda işlemegi üçin ilki işlemäge mümkinçilik berýän kanunlaryň kabul edilmelidigini we şol kanunlaryň iş ýüzünde işlemelidigini aýdýar.
Eýsem, bu meselde goňşy döwletlerdäki ýagdaýlar nähili? Olaryň işi nähili ýola goýlan? Gazagystanly ykdysatçy Saparbaý Jubaýewiň sözlerine görä, beýle kompaniýalar ösüp barýan döwletler üçin örän möhüm.
Gazagystanda inwestision kompaniýalar 1998-nji ýyllarda döredilipdi. Beýle kompaniýalar Özbegistanda hem bar. Ykdysatçy Saparbaý Jubaýewiň sözlerine görä, beýle kompanýalar bolmasa, ýurtda uzak möhletli proýektleri amala aşyrmak mümkin däl.
Inwestision kompaniýalary döretmekden maksat infrastrukturalary düzmekden, olary maliýeleşdirmekden ybaratdyr. Eýsem, inwestision kompaniýalara maliýe nireden gelýär? Olara puly kim berýär?
Gazagystanly ykdysatçy Saparbaý Jubaýew bu meselani şeýle düşündirdi: «Inwestision kompaniýalara maliýe serişdelerini döwlet berýär. Uly strategik döwlet kompaniýalary maliýe serişdeleri bilen goldaw berýär. Pul ýygnalandan soň, ýygnalan serişdeler döwlet üçin möhüm obýektlere sarp edilýär. Meselem, bu obýektler uly elektrik stansiýalary, uly ýol gurluşyklary we beýlekiler bolup biler».
Spesialist beýle kompaniýalaryň işiniň il-gün üçin bähbitli bolmagy üçin ozaly bilen olaryň açyk syýasat alyp barmalydygyny aýdýar.
Türkmenistanda täze inwestision kompaniýalary döretmek baradaky memorandiuma 17-19-njy oktýabrda Aşgabatda geçiriljek halkara inwestision forumynda gol çekilmegine garaşylýar.