Musulman dünýäsine degişli başga halklary-ha biljek däl, ýöne türkmenler oraza tutmak däbi yslam dini bilen bile ýüze çykdy diýip, kabul edýärler. Sebäbi asly otparazlar bolan türkmenleriň arasyna yslam dinini ornaşdyran araplar orazany külli musulmanlaryň pygamberi Muhammediň (S.A.W.) musulman dünýäsiniň ilkinji parzlarynyň (borçlarynyň, berjaý etmeli däp-dessurynyň) biri hasaplan däbi bolan namaz bilen birlikde getirýärler.
Musulmançylyk däpleriniň ýüze çykmasy biziň eramyzyň altynjy-ýedinji asyrlaryna degişli. Emma oraza tutmak däbi bolsa biziň eramyzdan hem öňki birinji müňýyllyga degişlidir. Orazanyň ýüze çykaly bäri, orazanyň ýüze çykan ýeri bolan — pars patyşalarynyň ýüzlerçe patyşasy, dinastiýalary höküm sürüp, dünýeden ötdi.
Muhammet pygamberiň musulmançylygy ündäp başlan döwürleri Sasanlar dinastiýasynyň patyşasy Hysrow Perwiziň patyşalygynyň otuzynjy ýyly eken. Şol döwür Muhammet pygamberiň Mekgeden Medinä göçen ýylydyr. Mälim bolşy ýaly, Muhammet pygamber Mekgeden özüne hem özüniň ýüze çykaran dinine garşy bolnany üçin Medinä göçýär. Hysrow Perwiziň döwründen orazanyň ýüze çykan wagtyna tarap, wagty yza aýlasak, bu iki aralykda iki müň ýyllyk ýol ýatyr. Ýagny oraza tutmak däbi Tahmures patyşanyň patyşalyk eden döwründe ýüze çykýar.
Düşünjeli hem oýlanyşykly patyşa bolan Tahmures ibn Anujahan halka adyl hem ynsaply seredipdir. Onuň döwründe diňe oraza tutmak däbi däl, eýsem butparazçylyk däbi-de ýüze çykypdyr. Sebäbi şol döwürde keselçilik köp bolup, ölüm-ýitim aşa kän ýüze çykypdyr. Her kim özüniň ýogalan kişisiniň keşbini ýasadyp, şoňa bakyp, teselli tapar eken. Aradan wagt ötüp, bu endigi tapanlar panydan baka göç edenlerinden soň bu kada butparazlyga öwrülip, dünýede baky galypdyr.
Tahmures patyşanyň döwründe ýüze çykan orazanyň döremeginiň sebäbi şeýledir, ýagny derwüşlere şol wagtlar iýmit tapmak kyn bolupdyr. Şonuň üçin olar tagamy diňe agşamlaryna iýer ekenler hem şonuň bilen kanagat edipdirler. Az wagtdan bu ýagdaý kada öwrülip, oraza tutmak başlanypdyr. Orazany döreden ol derwüşler kowumyna Keldanban diýer ekenler. Birnäçe kişiler oraza tutmak hakda Tahmuresiň «Her kim günde bir sapar tagam iýip, şonuň bilen kanagat edip, irden iýjegini derwüşlere bersin» diýip, perman çykarandygyny aýdýarlar. Şeýlelikde, ýuwaş-ýuwaşdan oraza tutmak däbi peýda bolupdyr. Ony Tahmures Dinawentiň maslahaty hökmünde kabul edipdirler. Her kim öz din we mezhebinde bolup, olara hiç kim zorluk etmändir. Her kim tagamy gaty arkaýynlyk hem kanagatlylyk bilen derwüşlere dadyrypdyrlar. Bu däp Hindistanda häzir hem bar.
Örän kän ýerlere, örän kän dinastiýalara eýelik eden pars patyşalary dagynyk arap taýpalarynyň hem üstünden öz agalygyny ýöredipdir. Tä Muhammet pygamberiň musulmançylygy ýüze çykaran döwrüne çenli, ýagny pars patyşalarynyň iň soňkularynyň biri bolan Hysrow Perwiziň döwrüne çenli araplar pars patyşalarynyň gol astynda bolupdyr. Pars patyşalary araplardan özüne goşun düzüp, öz daşyny, dinastiýasyny goradypdyr. Arap ýerlerine patyşany pars patyşalary belläpdir. Arap ýarym adasyndaky dagynyk arap taýpalaryny birleşdirip, arap dünýäsinde örän uly iş eden Muhammet pygamberiň hemaýaty bilen Sasanlar patyşalygynyň patyşasy Hysrow Perwiziň döwründe ilkinji sapar araplar pars patyşalaryndan üstün çykýar. Bu üstün çykma Muhammet pygamberiň gudratlarynyň biri diýip, taryhçylar ýazýarlar.
Pars patyşalaryndan arabyň erkinligini gaýdyp alan hem-de araplary birleşdirmegi başaran Muhammet pygamber özüniň musulmançylyk däp-dessurlaryny bütin araplaryň arasyna ornaşdyrýar. Ýöne ol beýleki halklaryň arasyna yslamy ýaýratmaga ýetişmänkä aradan çykýar. Yslamy beýleki halklaryň arasyna ornaşdyrmak onuň egindeşlerine galýar.
Arap musulmanlary musulmançylyga degişli parzlar bilen oraza tutmagy-da birleşdirýärler. Emma musulmanlar namazy orazadan has zerur hasaplaýarlar. Musulmanlar özleriniň bu däbini öz basyp alan ýerleriniň ählisinde — öň otparazçylyk dinine uýan Eýranda, Azerbaýjanda, Türkmenistanda, Täjigistanda, Özbegistanda, Owganystanda, tatarlaryň, gazaklaryň arasynda, Pakistanda hem Merkezi Aziýanyň ençeme beýleki halklarynyň arasynda ornaşdyrýarlar. Şeýlelikde, oraza başda arap topragynda ýüze çykmadyk hem bolsa, arabyň getiren yslam dininiň däbi hökmünde — külli musulmanlaryň däbi hökmünde bellenip geçilýär. Indi, «Oraza — külli musulmanlaryň baýramydyr» diýip nygtalýar.
Orazanyň gelmegi uly şowhun-şagalaň, dabara bilen bilen başlanýar.
Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.