ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Owganystandaky uruş barada onlarça müň materialyň daşary çykmagyny gurnamakda tussag edilen harby gullukçy Bredli Menninge şübhe bildirýär.
Bu barasynda düýn CNN telekanaly adynyň tutulmagyny islemedik Pentagondaky ýokary derejeli işgäre salgylanyp habar berdi.
22 ýaşly Bredli Menning gizlin maglumatlar bilen işlemegiň düzgünini bozany üçin iýun aýynda tussag edilipdi. Şol dokumentleriň bir bölegi “Wikileaks” saýtynda peýda boldy.
“Wikileaks” ýakynda Owganystandaky operasiýalar barada başga-da müňlerçe material çap etdi.
Saýtyň ýolbaşçylary öz çeşmelerini aýtmakdan ýüz öwürýärler.