Türkmenlerde: «Şägirt halypadan ozdurmasa — kär ýiter» diýen nakyl bar. Halypa diýlip, çem gelene aýdylmaýar. Öz kärinde örän köp ýyllar işläp, tejribe toplan, öz işinde hemmelere görelde bolan ussatlary ýaşlara halypa edip goýýarlar.
Saparmyrat Nyýazowyň hökümeti halypalary ýurduň ähli pudagyndan aýyrdy. Kimsini pensiýa ýaşyna ýeten diýip kowdy, kimsini “sokraşşeniýe” bahanasy bilen kowdy, kimsini «ýedi arka» barlamak ýoly bilen kowdy. Şeýlelikde, ýurduň ähli pudagynda halypalar kowlup, ýaşlar ornaşdylar.
Ýaşlar işlese, ýaşlara iş berilse, ýaşlar goldanylsa — muňa ýetesi zat ýok. Ýaşlar ýurduň geljegi, olara hemme babatda kömek etmeli. Ýöne hiç bir pudakda-da ýaşlar otuz-kyrk ýyl işlän, tejribeli halypalarça bolmaýar.
Geliň, bu meselä medisina babatynda seredip geçeliň.
Medisinanyň islendik nokadynda ýaşlara halypa gerek. Çaga dogrulýan öýlerde halypalaryň ornunyň boşlugy has bildirýär. Owadanja halatlar geýip, häli-şindi elindäki aýnajyga seredip, ýüz-gözüni, saçyny ýylmap oturan ýaş gyzlar çaga dogurtmagy başarmaýarlar.
Tebigat aýala şeýle roly beripdir — her näçe kynam bolsa, çagany enäniň özi dünýä indermeli. Tebigatda çagany kesip almak kadasy ýok. Diňe bir ynsan çagasyny däl, eýsem ähli janly-jandaryň çagasyny ene dogurýar. Ejizräk gelinleriň operasiýa boýunça çagany dünýä indermesi sowet döwründe seýrek bolardy. Ýöne medisinada, şol sanda çaga dogrulýan öýlerde-de tejribesiz medisina işgärleriniň orun almagy çaga dogurýan ýaş eneleriň maýyp bolmagyna getirýär. Dogurmaga gelýän on enäniň altysy kesilýär. Kesilmegem ýöne kesilmek däl. Köp çaga dogrulýan öýlerde enäniň ýatgysyny aýyrma hadysasyna çenli ýetýärler. Hatar-hatar ogul-gyz öndürip, bir topar çaganyň ejesi bolmak isleýän ýaş gelinler önelgesiz goýulýar. Operasiýa boýunça çagasy dünýä inýän eneleriň ýatgysy lukmanyň tejribesizliginden aýrylýarmy, ýa-da bu iş bilkastdan edilýärmi, belli däl. Näsagyň keseliniň taryhyny ýazanlarynda bolgusyz bahanalar ýazylýar.
Sebäp näme?
Kimler çagalaryň ene garnyndan kesilip alynmagyny her operasiýa üçin lukmana aýlygynyň daşyndan ýüz dollar berilýändigi bilen düşündirýärler, kimler bolsa bu ýagdaýy ýaş medisina işgärleriniň tejribesizligine syrykdyrýarlar. Ýaş lukmanlar çaganyň dünýä inmeli pursadynda dogurýan eneden beter gorkýarlar. Enäniň gan basyşynyň galmagyndan, şol sebäpli çaganyň boglup galmagyndan gorkýarlar. Halypa lukmanyň aýtmagyna görä, çaga dogrulýan wagtda enäniň gan basyşynyň galmagy tebigy hadysa bolýar. Çaganyň ýagty jahana inmekdäki hereketiniň enäniň gan basyşyny ýokarlandyrýandygyny, çaga dünýä inensoň, enäniň gan basyşynyň kadalaşýandygyny ol aýdýar.
Ýöne köp ýaş lukmanlaryň bu hadysadan gorkup, gan basyşyň pesräk ýagdaýynda-da enä gan basyşy peseldýän sanjym edýändigini, şol sanjymyň bolsa, köp ýagdaýda çaganyň hereketini saklaýandygyny, bu ýagdaýyň operasiýa eltýändigini halypa lukman gürrüň berýär.
Çagany almak üçin edilýän operasiýa wagtynda tejribesizlikden, pyçagyň ýatga degmegi netijesinde gan gitme döredip, olar soňra bialaç ýagdaýda ýatgyny aýyrmaly bolýarlar. Oba ýerlerinde çagany operasiýa boýunça alan ýagdaýynda ýatgy tikilen halatda içegeleriň-de ýelmeşdirilip tikilýän hadysalarynyň-da köp bolýandygyny halypa lukmanlar aýdýarlar. Beýle ýagdaýa düşýän gelinler ýene operasiýa salynýar.
Gadym döwürlerde çagany öýünde dogrup ýören türkmenleriň gelinleri häzirki — medisinanyň ösen döwründe çaga dogurmak üçin şeýle jebirlere sataşýarlar. Adamlar lukmanlara ynam edip, olaryň gapysyndan barýarlar. Lukmanlar bolsa olaryň ynamyny şeýdip ýere çalýarlar. Türkmeniň ençeme gelnini öýünde dogurdan, bilimsiz-okuwsyz bir garry kempirçe bolup bilmeýän, ýokary bilimli lukmanlara näme diýip - näme aýtjagyňy bileňok. Lukman diýen zatdan hasap sorap bolýandyr öýdüp, pikir hem etmeýän sada türkmenler nähili jebir-jepalar bilen dünýä inderilenem bolsa, ellerine berilýän çagany seslerini çykarman alyp gaýdýarlar.
«Şägirt halypadan ozdurmasa — kär ýiter» diýen söz dogry boldy. Halypa bolmansoň, şägirtler hiç kimden käri öwrenenoklar hem-de hiç kimden ozjagam bolanoklar. Öz ýagdaýlaryna görä gymyldap ýörler. Çala mydar gymyldy bolsa ýaş eneleri maýyplyga eltýär. Olary birden ýa-da ikiden artyk çaga dogurmaz ýaly güne salýar. Hökümet «Köne kadrlary golaýlaşdyrmaly däl» diýen şygaryny medisina babatda ulanmasyny goýup, tejribeli medisina işgärlerini iň bolman, maslahat berip oturar ýaly, ýaşlaryň arasyna çagyryp getiräýse, halk üçin bähbitli işiň edildigi bolardy.

Maral Agaberdiýewa Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.