Bu maglumatyň awtorlary çakdanaşa gizlin amerikan aňtaýyş sistemasynyň geriminiň şeýle bir uludygy we onuň şahalarynyň şeýle bir köpdügi sebäpli, olaryň nireden başlap, nirede gutarýandygyndan baş alyp çykmagyň hem mümkin däldigini aýdýarlar.
Geçen ýyl Birleşen Ştatlaryň Goranmak Departamentiniň gizlin programmalarynyň işini öwrenmek metodlary bilen ýakyndan tanşan hormatly dynç alyşdaky general-leýtenant Jon Waýnes aňtaýyş sistemasynda işleriň talabalaýyk sazlaşdyrylmandygy sebäpli olardaky maglumatlaryň gapma-gyrşylykly bolmagy, işleriniň effektiw bolmazlygy we serişdeleriň ýele sowrulmagy ýaly netijeleriň ýüze çykýandygyny aýdýar.
Jon Waýnes bu mesele barada şu hepde «The Washington Post» gazetinde interwýu bilen çykyş etdi. Munuň özi soňky iki ýylyň dowamynda bu gazetiň ekspertlerinden ýigrimiden gowragynyň bu gürrüňi edilýän mesele boýunça geçiren ýüzlerçe interwýularyndan diňe biri.
«Ýokary gizlinlikdäki Amerika»
Bu žurnalistleriň geçiren barlaglary «Top secret America», ýagny, «Ýokary gizlinlikdäki Amerika» rubrikasy astynda tapgyrlaýyn makalalaryň çap bolmagyna getirdi. Ol makalalarda Birleşen Ştatlaryň aňtaýyş infrastrukturasy mähnet bir býurokratik infrastruktura hökmünde suratlandyrylýar we ol sistemanyň ýolbaşçylarynyň-da onuň hakyky geriminden habarsyzdyklary aýdylýar.
Bu barada taýýarlanylan hasabatlarda 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr hüjüminden soň kem-kem görlüp-eşidilmedik derejede uly gerim alan aňtaýyş sistemasynyň özüniň indi ýurduň raýatlarynyň howpsuzlygyny goramak meselesini-de kynlaşdyryp goýandygy aýdylýar.
«Ýokary gizlinlikdäki Amerika» atly rubrika astynda makalalar bilen çykyş edýän esasy žurnalistlerden biri, Birleşen Ştatlaryň «Pulitzer-Prize» baýragynyň laureaty Dana Prist Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleriniň aňtaýyş sistemasynyň gerimini ulaltmaklyga işiň hilini gowulandyrmak hökmünde garaýandyklaryny aýdýar.
Dana Prist gizlin gulluklaryň işiniň hilini gowulandyrmak barada alada etmän, olaryň sanyny köpeltmek bilen meşgullanmaklygyň ters netijelere getirýändigini öňe sürýär. Žurnalist Dana Prist Birleşen Ştatlaryň aňtaýyş sistemasynyň näderejede uludygy, onuň nähili çykdajylara durýandygy, onda näçe işgäriň işleýändigi we, galyberse-de, onda näçe ýasama bölümleriň bardygy barada bu sistemanyň çäklerinde hiç kimiň anyk maglumat bilmeýändigini aýdýar.
854 müň töweregi işgär
Birleşen Ştatlaryň bu «ýokary gizlinlikdäki dünýäsi», käbir hasaplamalara görä, 854 müň töweregi işgäri öz içine alýar. Deňeşdirmek üçin alnanda, ol Waşington D.C. şäheriniň ilatynyň sanyndan hem 1.5 esse köpdür.
«The Washington Post» gazeti bu aňtaýyş sistemasynyň düzümine 1 müň 300 töweregi hökümet guramalarynyň we tas 2 müňe golaý hususy kompaniýalaryň girýändigini, olaryň-da terrorizme garşy göreş, içerki howpsuzlyk we razwedka işleri ýaly işler bilen meşgullanýandygyny aýdýar.
Bu maglumata görä, bu guramalaryň bölümleri Birleşen Ştatlaryň dürli regionlaryndaky 10 müň töweregi punktlarda ýerleşýär. «The Washington Post» gazeti bu läheň sistemada kimiň näme iş bilen meşgullanýandygyna göz ýetirmekligiň adatdan daşary kyn mesele bolup durýandygyny ýazýar. Gazetiň ýazmagyna görä, şeýle bulam-bujarlyk hem real howpuň aňsatlyk bilen yşlardan syzyp geçmegine mümkinçilik döredýär.
Geçen ýyl Roždestwo günleri Birleşen Ştatlara uçup baran ýolagçy uçaryndan partlaýyjy guralyň tapylmagy ýa-da bir harby psihologyň 13 sany esgeri atyp öldürmegi ýaly wakalar hem, gazetiň pikiriçe, resurs ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykan problemalar däl-de, eýsem, jogapkärçiligiň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykan problemalar.
Şol gürrüňi edilýän wakalardan soň Senatyň aňtaýyş meseleleri boýunça ýörite Komiteti hem öz geçiren derňewleriniň esasynda bu ugurda bar bolan ýagdaýlary berk tankytlady. Hususan-da, bu Komitet öz hasabatynda Birleşen Ştatlaryň aňtaýyş sistemasynyň çäklerinde hiç bir bölümiň abanýan howplar baradaky jogapkärçiligi ýa-da işleri sazlaşdyrmak ýa-da kemçilikler üçin jogap bermek ýaly jogapkärçilikleri hem öz üstüne almaýandygyny ýüze çykardy.