2008-nji ýylda Kosowanyň garaşsyzlygy barada deklarasiýanyň kabul edilmegininiň halkara hukuklarynyň esaslaryny bozmaýandygy dogrusynda BMG-niň Halkara sudunyň Gaagada çykaran kararyna Belgrad närazylyk bildirdi.
Serbiýanyň prezidenti Boris Tadiç Belgradyň hiç haçan Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etmejekdigini aýtdy.
Şol bir wagtda Kososwanyň premýer-ministri Haşim Taçi Gaaga sudunyň kararyny Belgrad tarapyndan ýeňliş hökmünde kabul edilmeli däl “iň gowy jogap” atlandyrdy.
Suduň kararyny ABŞ-nyň Döwlet departamenti gutlady we dünýäniň ähli döwletlerini Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etmäge çagyrdy.
Döwlet departamentiniň wekili Filip Krouly şeýle diýdi: “Bu karar Kosowanyň statusy bilen bagly ähli ýuridik gümürtikligi aradan aýyrýar. Ozaly bilen Kosowanyň goňşusy Serbiýany goşmak bilen, dünýäniň ähli döwletleri üçin bu karary ykrar etmegi, täze esasda Kosowa bilen gatnaşyklary ýola goýmagy möhüm hasap edýäris. Ol häzir regiondaky dürli halkara missiýalaryň işindäki dartgynlylygy gowşatmaga ýardam eder”.