Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda ýörite halkara konferenisýa açyldy


Şu gün Owganystanyň paýtagty Kabulda bu ýurtdaky meselelere bagyşlanylyp, ýörite halkara konferensiýasy açyldy.

Bu konferensiýada eden çykyşynda prezident Hamid Karzaý bu ýurduň howpsuzlygy baradaky jogapkärçiligi 2014-nji ýyla çenli Owganystanyň öz harby güýçleriniň öz üstlerine almak isleýändiklerini aýtdy.

Şeýle hem, ol öz çykyşynda Owganystanyň ösüşi we dikeldişi üçin berilýän milliardlarça dollar maliýe ýardamlaryna berk gözegçiligiň zerurdygyny nygtady.

Owganystanyň paýtagtynda geçirilýän bu halkara konferensiýasyna dünýäniň 70 töweregi döwletinden we guramalarynden wekiller, şol sanda, Türkmenistandan hem ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki Mun we Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton öz çykyşlarynda Owganystanyň hökümetini korrupsiýa garşy has berk göreş alyp barmaklyga çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG