Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagtyň trolleýbuslary


Bir wagtlar Aşgabatda trolleýbus marşrutlarynyň sany dokuza dagy ýetýärdi. Häzir şäherde trolleýbus gatnaýan ýekeje marşrut galdy.

Geçen asyryň ellinji-altmyşynjy ýyllarynda Aşgabat şäherinde maşynlar onçakly kän däldi, häzirki ýaly maşyn akymyny göz öňüne getirer ýalam däldi. Elbetde, geçen asyryň ellinji-altmyşynjy ýyllarynda maşynlaryň öndürilişi-de azdy, olaryň bahasy-da hemmeler alardan ýokarydy.

Häzir maşynlaryň çykarylyşy dünýä boýunça artdy. Türkmenistanyň şäherlerinde, obalarynda-da daşary ýurtlarda ozal sürlen maşynlary getirip münýänler köpeldi. Ýurduň paýtagty Aşgabatda-da maşynlar kerweni suw bolup akýar. Maşynlaryň her biri daş-töweregiň howasyny hapalaýar. Köne maşynlar howany has-da hapalaýar.

Ösen döwletlerde köne maşynlary ulanmak gadagan. Häzirlikçe bizde beýle düzgüni girizmek nädogry bolardy. Sebäbi köp kişi köne maşynlary bilen kireý edip, güzeran dolaýar.

Şäheriň howasy gün-günden hapalanýar. Paýtagtyň ileri ýüzündäki dagyň gapdalyndaky depelere münüp, şähere nazar aýlasaň, maşyn tüsseleri sebäpli, şäheriň üstünde çal, käte bolsa gara bulut gezip ýören ýaly. Transport serişdeleriniň howa ýetirýän zyýany ölçegsizdir.

Trolleýbuslar arassa transport ulaglary hasaplanýar.Ýöne soňky ýyllarda paýtagtyň köçelerinde olaryň sany üzül-kesil azaldy.

Mundan on-on bäş ýyl ozal Aşgabadyň içinde trolleýbus marşrutlarynyň ençemesi bardy. 8-nji nomerli trolleýbus şäherde trolleýbus gatnaýan sekiz marşrutyň bardygyny aňladýar. Şeýle arassa ulaglaryň sany ýylsaýyn azaldy. Häzir trolleýbus marşrutlarynyň ýekejesi galdy. Muňa köp köçelerde gurluşyk işleriniň alnyp barylmagynyň sebäp boldy diýip aýtsa bolar. Täze salynýan jaýlar sebäpli köçeler giňeldildi. Trolleýbus simlerini saklaýan sütünler aýryldy. Şu zatlar hem trolleýbuslaryň gatnawynyň azalmagyna getirdi.

Şäher marşrutlarynyň gatnawy Soýuz döwründe-de ibaly däldi. Çem gelen öz şäherlerinde maşynlaryň gatnamaýanlygyndan arz edip, arza ýazardylar. Hudožnikleriň baş temasy wagtynda gelmeýän awtobuslardy. Awtobusa garaşyp, awtobus duralgasynda sakgaly ösüp, ýere ýetýän ýolagçylar hakda kän suratlar çekilerdi.

Ýurt bir dolandyryşdan başga bir dolandyryşa geçýän döwründe hemme ýerde-de ýagdaý kyn bolýar. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýolagçylar transporty meselesinde Türkmenistanda kän kynçylyklar döredi. Wagtynda işe barmak we öýe gaýtmak örän uly problema boldy.

Şäheriň içinde kyn

Prezident Berdimuhamedowyň döwründe ýolagçy gatnadýan awtobuslar kän satyn alynýar. Şäher etegindäki obalara gatnaýan awtobuslar sanardan kän. Öňler şäheriň daşy üçin diňe etrap merkezlerine çenli gatnaýan awtobuslar bolardy. Etrap merkezlerine baranlaryndan soň adamlar öýlerine pyýada ýa-da (tapsalar) taksili giderdiler.

Mysal üçin paýtagtyň töwereginde diňe Abadana, Gökdepä, Bäherdene, Änewe gatnaýan awtobuslar bolardy. Şol etrapdaky obalaryň ählisiniň ýaşaýjylary hem şol, sanlyja awtobuslar bilen gatnardylar. Häzir welin diňe bir etraplara däl, eýsem her bir oba gatnaýan awtobuslar bar. Ol hem bir däl-de, birnäçe. Adamlar hezil etdiler. Kiçi marşrut taksileri-de bar. Hiç wagt awtobuslar adamlardan hyryn-dykyn dolmaýar. Hiç kim dik durup gitmeýär. Hemmelere oturgyçlarda oturyp gitmäge mümkinçilik bar.

Obalaryň hem etraplaryň ýolagçylar transportynyň ýagdaýy düzeldi diýse boljak. Ýöne iň köp ýolagçy gatnadýan awtobuslary satyn alnan paýtagt şäherde welin, awtobuslar henizem problema döredýärler. Köplenç halatda agşam sagat sekizden-dokuzdan soň awtobus ýok. Şäher bolsa gijesi bilen işleýär. Awtobus garažlarynda welin awtobuslaryň sany-sajagy ýok. Olar näme üçin ýöremeýär, bilýän ýok.

Bar zadyň ulanylmazlygy problemany köpeldýär. Oba adamlary öýlerine awtobuslaryň oturgyçlarynda arkaýyn oturyp gidýän bolsalar, şäher adamlary öýlerine ýeke aýakda dik durup gidýärler. Welaýat merkezlerinden iş gözläp gelip, şäherde işläp, ýaşap ýören adamlary ýolagçylar transportynyň ýolbaşçylary öwrenenoklarmy- nämemi, nämüçindir, şäherde şeýle köp bolan awtobuslarda adamlar awtobuslaryň böwrüni deşip çykaýjak bolýarlar.

Käte awtobuslaryň gatnawy seýrekleýärem. Ýagdaý şeýle bolansoň, trolleýbuslar adamlary gatnatmakda birneme kömek bolaýýardy. Özem olar gije sagat on-on bire çenli gatnaýarlar.

Ýaňy-ýakynda trolleýbuslar babatda hoş habar ýaýrady. Türkmenistan Belarus respublikasyndan täze çykan, uzyn trolleýbuslary satyn almaga taýýarlanýar diýýärler. Ekologiýany arassa saklamak üçinem bu örän gowy zat. Adamlaryň işe, gezelenje arkaýyn gidip-gelmegi üçinem.

Edip bolsa, trolleýbuslary diňe bir şäher içine däl, eýsem Abadan, Gökdepe, Änew, Ruhabat ýaly ýakyn etraplara gatnatsa-da boljak. Hatda welaýat merkezlerinde-de trolleýbus gatnawy ýola goýulsa, ekologiýanyň arassalygy üçin peýdaly bolardy.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG