Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew şu gün 70 ýaşynyň dolmagyny belleýär we ýurt onuň ýaş toýuny aýdym-sazly dabaralar bilen uludan tutmagy planlaşdyrýar.
Nazarbaýew GDA ýurtlarynyň arasynda 1991-nji ýylda SSSR dargaly bäri öz ýurduna ýolbaşçylyk edip ýören iki lideriň biridir. Ol liderleriň beýlekisi Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow.
Nazarbaýewiň goldawçylary onuň dinleriň gatnaşygy we metbugat barada geçiren forumlary bilen Gazagystany Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygyna öwrendigini, şoň ýaly-da şu ýyl öz ýurdunyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna başlyk bolmagyna kömek edendigini aýdýarlar.
Nazarbaýewiň garşydaşlary bolsa soňky ýyllarda ýurtda söz we metbugat azatlygynyň, oppozision partiýalaryň ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny aýdýarlar.
Nazarbaýewiň ýaş toýuna geljek myhmanlaryň sanawynda ýedi prezident, iordan patyşasy, italiýan aýdymçysy Andrea Boselli hem bar.