Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýadaky türkmenleriň durmuşy


Türkmenler dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşýarlar. Ýewropada olaryň sanynyň sonky ýyllarda artýandygy duýulýar.

Türkmenleriň bir bölegi Germaniýada hem ýashaýar. Olar bu ýurduň Köln, Berlin, Hamburg hem-de Frankfurt ýaly şäherlerinde ýaşaýarlar.

Ýewropadaky türkmenler däp-dessurlaryny hem-de dillerini goramak üçin öz medeni guramalaryny hem dörtdiler. Şol guramalaryň biri hem Germaniýanyň Köln şäherinde döredilen “Türkmen medeni jemgyýeti”.

Golaýda bu gurama Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 277 ýyllygyny uly dabara bilen belläp geçdi.

“Türkmen sesi” programmamyzyň bu sanynda “Türkmen medeni jemgyýeti” guramasynyň alyp barýan işleri we maksatlary barada bu guramanyň agzasy Hajy Hallymuhammedi bilen gürrüňdeş bolduk.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Türkmen Sesi” programmasynda golaýda Türkmenistanda geçirilen Dünýä türkmenleriniň festiwalyna gatnaşan owganystanly zenanyň garaýyşlary barada hem gurrüň ediler.

Gepleşigi diňlemek üçin sag tarapda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG