Gaza sektoryna barýan gäminiň üstüne harbylaryň çykandygyny, gäminiň bortundaky adam hukuklaryny goraýjylardan hem ekipaždan hiç hili garşylyk bolmany üçin gämini Ysraýylyň Aşdot portuna ugradandyklaryny Ysraýyl häkimiýetleri habar berdi.
“Reýçel Korri” gämisinde jemi 20 adamyň bardygy, olaryň gäminiň ekipažy we gumanitar guramalaryň işgärleridigi habar berilýär.
Adam hukuklaryny goraýjylaryň aýtmaklaryna görä, gämide 1200 tonna ýük bolup, azyk önümlerinden, däri-dermandan başga-da Gaza sektorynda gurluşyk işlerini alyp barmak üçin sement bar.
Ysraýyl tarapy barlagyň dowam edýändigini aýdýar.
Palestinlilere tarapdar aktiwistler Gaza sektoryna barýan Irlandiýanyň “Reýçel Korri” gämisini basyp almakda Ysraýyly aýypladylar.
Dublinde ýerleşýän “Palestina bilen raýdaşlyk kampaniýasy” guramasynyň beýannamasynda üsti gumanitar ýükli gämini zor bilen alyp gitmekde Ysraýyl aýyplanýar.
Ysraýyl tarapy gämidäki ýüki barlamaga ylalaşyk gazanylandygyny öňe sürýär.