Deýwid Börk baýragy žurnalistik işi üçin uly şahsy töwekgelçilik eden žurnalistlere berilýär.
Gedmin öz kärdeşlerine iberen hatynda žurnalistiň adatdan daşary kyn we howply şertlerde işleýänligini, jenap Baýryýewiň öz işi üçin ýanamalara we tussag edilmä sezewar bolandygyny ýazýar. Prezident Gedmin bu batyr žurnalistiň howp-hatara garaman, öz işlerini dowam etdirendigini hem belleýär.
Terjimehaly
Aşyrguly Baýryýew 1949-njy ýylyň 1-nji maýynda Garrygala (häzirki Magtymguly) etrabyna degişli Güwleme obasynda dünýä inýär. Aşyrguly dört ýaşyndaka, ejesi aradan çykyp, ýetim galýar. Kyn günleri başdan geçirýän Aşyrgulynyň maşgalasy 1950-nji ýylyň ortalarynda Gyzylarbada göçüp gaýdýar.
Aşyrguly Baýryýew 1956-njy ýylda Gyzylarbat şäherindäki Haýytguly Geldiýew adyndaky 1-nji orta mekdepde okuwa başlaýar. 10 ýyllyk orta bilimi kümüş medal bilen tamamlan A.Baýryýew öz žähmet ýoluna Nebitdag (häzirki Balkanabat) şäheriniň telestudiýasynda öwrenje diktor bolup, gadam basýar. Soňra ol Gyzylarbada gaýdyp baryp, şol ýerde harby bölümlere hyzmat edýän edarada işleýär.
Aşyrguly Baýryýew 1968-1970-nji ýyllarda sowet goşunynyň hatarynda harby gullukda bolýar. Ol harby gullugy tamamlanyndan soňra, Nebitdaga gaýdyp baryp, şol ýerdäki orta mekdepde matematika mugallymy bolup işleýär.
Mugallymçylykda az wagt işlänsoň, Baýryýew Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherindäki Mugallymçylyk institutynyň Matematika fakultetine gaýybana okuwa girýär. Bu institutda bir ýyl okansoň, ol Nebitdagyň telestudiýasynda redaktor bolup işe başlaýar.
1973-njy ýylda Aşgabatda ýerleşýän Maksim Gorkiý adyndaky uniwersitetiň (häzirki Magtymguly adyndaky uniwersitet) Filologiýa fakultetine gaýybana okuwa girýär, okuwyny 1979-njy ýylda tamamlýar.
A.Baýryýew 1974-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, Kransowodsk oblastynyň (häzirki Balkan welaýaty) “Zähmet baýdagy” gazetinde üç ýylyň dowamynda dürli wezipelerde işleýär.
Ol 1977-nji ýylda Krasnowodsk şäherindäki ýerli telestudiýanyň baş redaktory hökmünde işe başlaýar we ol ýerde dört ýyldan gowrak žähmet çekýär. A.Baýryýew soňra Türkmenistan Kompartiýasynyň düzüminde metbugat meseleleri boýunça dürli jogapkär wezipeleri eýeleýär.
Türkmenistan döwlet garaşsyzlygyny alansoň, Aşyrguly Baýryýew “Edebiýat we sungat” gazetinde, “Saglyk” žurnalynda, “Diýar” žurnalynda dürli wezipelerde işleýär. 1990-njy ýyllaryň ortalarynda bolsa, ol Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň Aşgabatdaky habarçysy bolup, işe başlaýar.
Žurnalist Baýryýew öz professional işi bilen bagly 2004-njy ýylda 10 günläp Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň deslapky tussaghanasynda saklanylýar. Ýerli resmileriň žurnalist A.Baýryýewi resmi edaralara yzygiderli çagyryp, oňa basyş edendikleri habar berilýär.
Päsgelçiliklere garamazdan, Baýryýew žurnalist hökmünde öz wezipesini diňe bir dowam etdirmek bilen çäklenmän, ony obýektiw we professionl derejede alyp bardy.