Mottaki 10-njy maýda eden çykyşynda bu kararyň ynsanperwerlik esaslarda kabul edilenligini hem öňe sürdi. Eýran Şaýn Braueri, Sara Şordy we Joş Fattaly ýurduň serhedini bikanun bozmakda we Amerikanyň Merkezi aňtaw gullugy bilen ilteşigi barlykda aýyplaýar.
Tussaglaryň maşgala agzalary we ABŞ-nyň hökümeti bolsa bu aýyplamalary ret edip, olaryň boşadylmagyny talap edip gelýärler.
Tähran bireýýäm öz BMG boýunça ýörite missiýasyna ady agzalýan üç amerikalynyň ejeleri Sindy Hikeye, Laura Fattala, we Nora Şorda wiza berilmegini tabşyrdy. Sebäbi Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik aragatnaşyk bolmanlygy sebäpli ýörite ýagdaýlarda Eýrana gelmek isleýänler üçin wize meselelerini bu ýurduň BMG-däki wekilhanasy öz üstüne alýar.
Bu tussaglykda saklanýan amerikalylaryň ejelerine ýurda gelmäge rugsat ediljekdigi bilen bagly ilkinji myş-myşlar däldir. Emma bu sapar agzalýan rugsat ilkinji gezek Eýran resmileri tarapyndan öňe sürüldi.
Umyt uly
Şaýn Brueriň ejesi Sindy Hikey Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, özüniň bu gezek Eýrana gitmäge umydynyň has güýçlüdigini, emma henize çenli bu habaryň resmi taydan tassyklanmagyna garaşýanlygyny aýtdy.
“Biz bu habary diňe mediadan eşitdik. Biziň wizalarymyza degişli resmi işleriň başlanlygy hakda bize maglumat gowuşmady. Eýranyň ABŞ-daky ofisinden “wizaňyz taýýar” diýen habary alýançak, biz birhili aladaly, sebäbi biz şeýle maglumatlary öň hem eşidipdik. Geçen ençeme hepdäniň dowamynda bize wiza beriljekdigi hakda her hili maglumat ýaýrady, emma 10-njy maýda ilkinji gezek biz bu habaryň Tähranyň mediasy arkaly ýaýradylanlygyny eşitdik. Eýran resmileriniň özleriniň bu habary media ýaýratmagy bizi umytlandyrýar. Biz optimist, emma wizalarymyzy elimize alýançak, ätiýäç etmän biljek däl” diýip, Sindy Hikey aýtdy.
Bu saparyň amala aşyryljak anyk güni yglan edilmedi, şeýle-de tussaglaryň ejeleriniň nähili şertlerde çagalary bilen duşuşmagyna rugsat ediljekdigi hakda hem doly maglumat ýok.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti ol tussaglaryň boşadylmagyny yzygiderli talap edip gelýär. Eýranyň öz ýadro programmasy zerarly Günbatar bilen arada barha möwjeýän dartgynlylyk bilen bagly tussaglardan peýdalanmak üçin olary azatlyga goýbermän saklaýanlygyny aýdýanlar hem bar.
Ýokary okuwlaryny düýbi Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän Berkeleý uniwersitetinde tamamlan bu ýaşlaryň maşgala agzalary bolsa olaryň Yragyň Kürdüstan regionynda gezelenç etmäge gidenligini aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, eger Eýranyň serhedini bozan hem bolsalar, bu bilmezlikden edilen iş bolmaly.
Wizalara garaşylýar
ABŞ-nyň BMG boýunça ýörite wekiliniň orunbasary Alejandro Wolf şol bendileriň ejeleri tarapyndan olaryň azat edilmegi haýyş edilip ýazylan hatlary 6-njy mayda Eýranyň BMG-däki missiýasy tarapyndan berlen agşamlyk nahary wagtynda Eýranyň daşary işler ministri Manuçer Mottaka gowşuranlygyny aýtdy.
Sindy Hikey özleriniň Eýrana sapar etmek üçin ençeme hepdeden bäri taýýardyklaryny, emma wizalarynyň heniz ýetişmändigi aýdylyp, özlerine garaşyň diýilýänligini mälim etdi. Emma ol bu gezek ýagdaýyň öňkülerden birneme tapawutlydygyna ynanýanlygyny hem aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň “Siz Eýrana ýola çykmak üçin taýýarlandyňyzmy?” diýen soragyna hanym Hikey şeýle jogap berdi: “Ýok, sebäbi henize çenli bu meseläniň jikme-jigi barada bize hiç hili maglumat berilmedi. Meniň pikirimçe, biziň haçan ýola çykyp, näçe wagtlap hem şol ýerde galyp biljekdigimizi olaryň özleri aýdarlar. Emma bu barada bize henize çenli hiç hili maglumat berilmedi. Haçanda bize şol informasiýa berilse, biz ýola çykmaga taýýar. Aýtjak bolýan zadym, biziň üçümiziň hem çemedanlarymyz birnäçe hepdeden bäri taýýar. Biletlerimizi hem barlaşdyrdyk, galan zat olary satyn almak. Olary satyn alanymyzdan soň, biz ýola çykyp bileris”.