Şu gün Horwatiýanyň prezidenti Iwo Ýosipowiç 1990-njy ýyllaryň urşunda öz ýurdunyň Bosniýany weýran etmeklige gatnaşandygy üçin Bosniýadan resmi ötünç sorady. Şeýle beýanat bilen prezident Iwo Ýosipowiç şu gün Bosniýanyň parlamentinde çykyş etdi.
Bosniýa iki günlük sapar bilen baran Iwo Ýosipowiç öz saparynyň barşynda Bosniýanyň iki sany obasyna-da barmaklygy planlaşdyrýar.
Şol obalardan birinde 1993-nji ýylyň aprelinde Bosniýadaky horwat harbylary 100-den gowrak ýerli bosniýalyny atyp öldüripdiler.