Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hapa pullary ýuwmazlyk barada gepleşik geçirilýär


Hapa pullary ýuwmaklyga garşy halkara topar Türkmenistana sapar edýär.

Delegasiýa ABŞ-nyň maliýe ministriniň orunbasary Daniel Gleýzer baştutanlyk edýär.
Pul ýuwmaklyga garşy göreş üçin maliýe çärelerini işläp düzmek boýunça halkara toparynyň Aşgabada baran delegasiýasyna ABŞ-nyň maliýe ministriniň orunbasary Daniel Gleýzer baştutanlyk edýär. Delegasiýanyň düzümine ABŞ-nyň, Orsýet Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň we Şweýsariýanyň wekilleri girýär.

Hapa pullary ýuwmaklyga garşy göreş üçin maliýe çärelerini işläp düzmek boýunça halkara toparynyň Aşgabada sapar edýän resmi delegasiýasynyň 5-nji aprelde Mejlisde duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ençemesinde, şol sanda Maliýe Ministrliginde, Merkezi Bankynda we Baş prokuraturasynda duşuşyklar geçirildi. Tarapalaryň, hususan-da, bilelikdäki proýektler arkaly özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýarlygyny bildirenligini türkmen metbugaty habar berdi.

Hapa pullary ýuwmaklyk – bikanun ýollardan gelýän girdejileri kanunlaşdyrmak, ýagny şol pullary açyk ulanmak mümkinçiligine eýe bolmagy aňladýar.

Problemanyň uludygy çak edilýär

Energiýa serişdelerine baý ýurtlaryň tebigy baýlyklardan gelýän girdejileri ulanyşyna syn edýän, hökümete degişli däl halkara strukturasy bolan “Global Witness” guramasyndan Tomas Maýn korrupsiýanyň dünýäniň ähli döwletlerine mahsus problemadygyny belläp, pul ýuwmak problemasynyň möçberiniň korrupsiýanyň derejesine bagly bolup durýanlygyny aýtdy.

“Türkmenistanyň ýapyk ýurt bolmagy, ýurduň içinde oppozisiýanyň ýokdugy we bar bolan galplyklary paş edip biljek güýçleriň ýetmezçiligi sebäpli takyk maglumatlar elýeterli däl. Emma Türkmenistanyň korrupsiýa derejesi we “Transparency International” ýaly guramalaryň berýän maglumatlary ýurtda bikanun pullary ýuwmak bilen bagly problemanyň güýçlüdigini çak etmäge esas döredýär” diýip, Tomas Maýn Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde belledi.

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Türkmenistanda bikanun girdejiler we şeýle pullary legallaşdyrmak bilen bagly ýagdaýy
Türkmenistanyň içinde oppozisiýanyň ýokdugy we bar bolan galplyklary paş edip biljek güýçleriň ýetmezçiligi sebäpli takyk maglumatlar elýeterli däl.
suratlandyrýan käbir mysallary getirdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Nebitdag şäherinde gurlan gymmatbaha hususy jaýlardan ybarat uly mikroraýonyna “Baý oba” diýip at berlen bolsa, halk içinde onuň “haram oba” diýip atlandyrylýanlygyny gürrüň berip, A.Bugaýew şeýle baý jaýlardan ybarat obalaryň ýurduň ähli ýerlerinde-de bardygyny aýtdy.

Jenaýatçylykda aýyplanyp türmede oturan türkmen resmileriniň maşgala agzalarynyň şeýle gymmatbaha jaýlarda ýaşap, örän gymmat maşynlary münmegi ýaly ýagdaýyň ýurtda giň ýaýranlygyny Bugaýew belledi.

Hapa pullary ýuwmaklyga garşy göreş üçin maliýe çärelerini işläp düzmek boýunça halkara topar halkara hyzmatdaşlyk sistemasynda möhüm orun eýeleýär. Onuň düzümine 31 döwlet, iki sany halkara gurama we 20-den gowrak synçy girýär.

Halkara Walýuta Fondy, Dünýä Banky, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy ýaly iri halkara strukturalary tarapyndan goldanylýan Halkara toparyň işläp düzýän rekomendasiýalary pul ýuwmaklyga we terrorçylygy maliýeleşdirmeklige garşy göreş ugrunda halkara kadalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilýär diýip, türkmen metbugatynyň maglumatlarynda aýdylýar.

Korrupsiýa we diktatura

Amanmyrat Bugaýew bikanun pullaryň legallaşdyrylmagyna garşy iş alyp barýan halkara toparyň Türkmenistana sapar etmegine Türkmenistanyň bu meselede halkara hyzmatdaşlyga taýýarlygynyň alamaty hökmünde garaýar.

Türkmenistanly synçy ýurtda diktaturanyň döremeginiň sebäplerini-de güýçli korrupsiýa we hapa pullaryň dolandyrylmagy bilen baglanyşdyrdy. Onuň pikirine görä, korrupsiýanyň soňuna çykylsa, diktaturanyň pidalarynyň nädip döränliginiň üsti açylyp, Nyýazow döwründe emele gelen aýylganç kanunlaryň aradan aýrylmagyna ýol açylar.

Türkmenistan BMG-niň milletara guramaçylykly jenaýatçylyga we korrupsiýa garşy konwensiýalaryna gol çekdi. 2007-nji ýylda jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileriň legallaşdyrylmagyna we terrorçylyga garşy göreş boýunça Ýewropa toparyna goşuldy. 2009-njy ýylda Türkmenistanda bikanun girdejileriň legallaşdyrylmagyna we terrorçylyga garşy göreş boýunça kanun kabul edildi.
XS
SM
MD
LG