Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çöldäki suw


Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň 24-25-nji martynda Türkmenbaşy şäherinde «Altyn asyr» türkmen kölüniň sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti» atly halkara ylmy maslahat geçdi.

Her bir waka öz wagtynda seslenmäge käte mümkinçiligem bolanok. Ýöne islendik zat hakda şahsy pikiriňi aýtmak hiç wagt giç dälmikä diýip pikir edýärin. Şu pikir hem meni özümiň şujagaz kiçijik makalamy ýazmaga iterdi.

Türkmenbaşy şäherinde geçen ylmy maslahata «Altyn asyr» türkmen kölüniň sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti» diýlip at goýlupdyr. Şor suwlaryň bir ýere üýşürilmegi ekologik ýagdaýy gowularmykaberi?!

Eger ümbilmez çölüň içinden «Garagum» kanaly ýaly süýji suwly kanal geçirilen bolsa-da, oňa «ekologik ýagdaýy gowular» diýip aýdyp bolmaz. Ýöne «Adamlar, mallar üçin süýji suw bolar. Oňa ekin, bag suwaryp bolar» diýip, aýdyp bilerdik. Ýerleriň şorlaşmasy ýaly ýagdaýlar süýji suwuň geçýän ýerinde-de bolýar. Muňa mysal edip, Garagum kanalyny alyp bolar. Kanal geçmezden öň Tejen oazisinde, Ahal welaýatynyň beýleki ýerlerinde ýerleriň şorlaşmasy asla ýok eken. Kanalyň geçmegi bilen, onuň kenarlaryna ýakyn obalar, ýerler örän şorlaşdy.

Şorlaşma meselesi hiç diýeliň. Çölde suwuň döremegi başga problemalary ýüze çykarýar. Birinjiden, şor suwy hiç zat üçin ulanyp bolmaýar. Ony ne adam içer, ne mal. Oňa bag-da gögermeýär. Gaýtam şor suw öňden bar bolan baglary-da guradýar. Elbetde, şor suwuň alnyp gaýdylan ýerleriniň şorunyň birneme ýuwulmagy mümkin. Ýöne bir ýyl, iki ýylda däl, onlarça ýyllaryň dowamynda şor suwlaryň çölüň içine akdyrylmasy şol töwerekde orslaryň «bolota» diýip at berýän, adam sorýan batgalygyny emele getiräýmese.

Kölüň geljegi

Daşary ýurtlardan gelip, ylmy maslahata gatnaşan adamlaryň köpüsi «Biz entek bu kölüň geljekde nähili boljakdygy hakda näme aýtjagymyzy bilemzok» diýip, telewideniýe boýunça interwýu berdiler. Kölüň geljeginiň nähili boljagyny Garagum kanalynyň hem-de Amyderýanyň mysalynda aýdyp bolar. Garagum kanalyna suwa düşüp, çykyp bilmän, ölen adamlar örän kän. Özem olar kiçi çagalar däl-de, uly adamlar. Kanala bökensoň, olaryň köpüsi suwuň ýüzüne çykyp bilenoklar. Sebäbi kanal çägäniň üstünden geçen. Suwuň aşagy toýun toprak däl-de, suwy barha aşak çekýän çäge. Aşaklygyna suw siňdirip duran çäge diňe üstünden geçýän suwy däl, adamy-da sorýar.

Garagum kanaly akyp geçip dur. Onuň töwereklerinde obalar peýda boldy. Oba bilen kanalyň aralygynda ep-esli boş meýdanlar bar. Şeýle-de bolsa, çölde, kanalyň töwereginde dörän obalaryň içinde kiçijik, şor suwly köljagazlar emele gelipdir. Bu näme üçin beýle bolýar? Çägedäki suw töwerege ýokardan däl-de, aşakdan ýaýraýar.

Suwuň öňüni özüniň topraga çuň kök uran damarlary bilen saklap duran buýan ösümlikleriniň derman senagaty üçin köp ýygylmagynyň netijesinde Amyderýanyň kenarlaryndaky topraklaryň gowşamagy sebäpli, köp obalar özüniň ýaşaýjylary bilen bir gijäniň içinde suwuň aşagyna gidipdi. Şundan görnüşi ýaly, gowşak toprak suwy geçirýär. Çäge suwy gowşak toprakdan-da beter özüne çekýär. Garagumuň içinde nebit gözleýjiler tarapyndan gazylyp, soň hem zyňlyp gidilýän ýerlerde öz-özünden kiçijik köljagazlar döreýär. Şeýle köljagazlaryň ýanyna oýnamaga barýan mal bakyp ýören oglanjyklaryň çöldäki suw sebäpli dörän batgalykdan çykyp bilmän ýogalmgy ýaly hadysalar hem az bolmandy.

Magtymguly Pyragy özüniň bir goşgusynda: «Tereň derýa, haýbatyňa buýsanma, wagtyň geçip, guran çöl dek bolar sen» diýip ýazýar. Gyş aýlarynda suwy kesilýän kanallara, Amyderýanyň suwy azalýan hanalaryna syn edeniňde islendik suwuň yzynyň çöllüge öwrülýändigini bilip bolýar. Toýun toprakly ýerden geçýän kanalyň düýbünde-de, derýanyň suwy çekilen hanasynyň düýbünde-de çäge üýşüp ýatyr. Bu zatlary aýtmak bilen, men näme diýmek isleýärin? Men ir döwürler gazetleriň birinden häzirki Garagum çölüniň ornunda-da million-million ýyllar mundan öň suwuň bolandygy hakda alymlaryň ýazgylarynyň bardygy hakda makala okapdym.

Çölüň islendik ýerini gazýaň welin, suw çykýar. Ajy suwmy, süýji suwmy, tapawudy ýok, çölüň aşagynda entek suw bar. Diýmek, heniz çöl özüniň has aşakdaky akabasyny doly kakadyp ýetişmändir. Diňe guýy gazmak däl, Garagum çölüniň islendik ýerini eliň bilen peşäberseňem, yzgar çykyp başlaýar. Garagum çölünde ösümlikleriň barlygy, gürlügi hem çölüň aşagynda heniz suwuň ýatandygyndan habar berýär.

Nämäniň alamaty?

Türkmenbaşy şäherinde türkmen köli hakynda geçen halkara ylmy maslahaty barasynda telewideniýe boýunça beren interwýusynda türkmen alymlarynyň biri Türkmen kölüniň döredilmeginiň netijesinde öň çölde gurap galan guýulara suw gelip başlandygy hakda aýtdy. Meniň pikirimçe, şu ýagdaý begener ýaly ýagdaý dälmikä diýýän. Bu ýagdaý nämeden habar berýär? Töwerekden şor suwlaryň gelip başlamagy bilen çölüň aşagyndaky suwlaryň ýokary galýanlygyndan habar berýär. Çöldäki emeli köl bilen çölüň aşagyndaky suwlaryň birleşmeginiň netijesinde yzgar töwerege ýaýrap, köp ýerlerde adamy duýdansyz özüne sorýan batgalyklaryň döremegi gaty mümkindir.

Çöle haýsydyr bir deňze ýa-da derýa guýjak suwy däl-de, ýata suw kölüne öwrüljek suwy eltmegiň şeýle howpy bar. Milliardlap-milliardlap pul çykaryp, türkmen öz başyna bela satyn almadyk bolsa-da biri.

Her näme-de bolsa, «Altyn asyr» türkmen kölüniň döremeginiň käbir adamlar üçin haýyrly tarapy-da bolman durmady. Ekskowatorçynyň günde näçe kub çägäni eýläk-beýläk süýşürýänini kim sanap dur. Türkmen kölüniň gurluşygy puluň öýjügi. Ine, kölüň şu tarap-a köp türkmen üçin gowy boldy. Ýene elli-ýüz ýyldan näme bolanda näme! Esasy zat - puluň yzyndan ylganýan häzirki döwürde pul gazanmak!

Döwlet Hojamedow türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG