Gazetleriň we habar neşirleriniň dünýä bileleşigi eýranly žurnalist Emad Baginiň türmede saklanmagynyň dowam etdirilmegini we tankydy gowşatmak üçin «repressiw döwlet çäreleriniň» görülmegini ýazgaryp çykyş etdi.
Eýranly hukuk goraýjy aktiwist, ýazyjy we žurnalist Emad Bagi 2009-njy ýylyň 28-nji dekabrynda aýyp bildirmezden tussag edildi. Žurnalistler bileleşigi onuň bir adamlyk kamerada saklanýandygyny, oňa aklawçy bilen duşuşmaga mümkinçilik berilmeýändigini we žurnalistiň fiziki ýagdaýynyň ýarmazlaşýandygyny aýdýar.
Gurama Baginiň beýleki žurnalistler bilen bilelikde derhal boşadylmagyna, Eýranda žurnalistleri bikanun tussag etmegi soňlamaga çagyrýar.