Düýn Eýranyň prezidenti Ahmedinejadyň aýtmagyna görä, Tähranyň urany baýlaşdyrjak 10 sany täze zawodlary gurmak plany BMG-nyň Atom energiýa guramasyna garşy däl.
Eýranyň döwlet telewideniýesiniň internet sahypasyndaky maglumata görä, Ahmedinejad Eýran täze zawodlary gurmak işini dowam eder diýdi. Olaryň bäşisi üçin ýer taýýarlanandygy aýdylýar.
Ahmedinejad öz hökümetiniň täze 10 zawody gurmak kararyna gelendigini noýabryň ahyrlarynda yglan etdi.
Mundan owal BMG-nyň Halkara Atom energiýa edarasy urany baýlaşdyrýan ikinji zawody Eýranyň gurmagyny tankytlady.
Şeýlede düýn Eýran BMG-nyň Atom partlamasynyň zarbaly tolkunlaryny hasaba almaga ukyply täze stansiýasyny Türkmenistanda gurmagyny tankytlady.
Şol stansiýany öz Atom işlerine gözegçilik etmek üçin ulanýanlykda Tähran BMG-ny aýyplady.