ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton Türkiýe bilen Ermenistany ikitaraplaýyn gatnaşyklary kadalaşdyrmak planyny amala aşyrmaga çagyrypdyr.
Ol düýn Nýu-Ýorkda iki ýurduňam DIM–leri bilen duşuşypdyr.
Ýakynda Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Erdogan Ermenistanyň we Türkiýäniň DIM leriniň 10-njy oktýabrda diplomatik gatnaşyklary dikeltmek baradaky ylalaşyga Şweýsariýada gol çekjekdiklerini habar beripdi.
Türk oppozisiýasy Osman imperiýasynyň ermenilere garşy genosidini ykrar etmek boýunça Ýerewan halkara syýasatyny bes edýänçä, şeýle-de Daglyk Garabag problemasy çözülýänçä, gol çekiljek ylalaşyň partlamentde makullanmagyna ýol bermejekdigini öňe sürýär.