Ýokary derejeli amerikaly harby wekiliň aýtmagyna görä, bu ýurduň esgerleriniň iýun aýynda Yragyň şäherlerini terk edenden soň bolan hüjümleriň köpüsi Al-Kaýda topary tarapyndan amala aşyryldy.
Yrakda ýerleşýän amerikaly harbylaryň başlygynyň orunbasary General Çarles Ýakobynyň aýtmagyna görä, Yrakda amala aşyrylýan uly derejeli hüjümleriň köprägi Al-Kaýda tarapyndan gurnalýar.
Ol bu baradaky pikirini Yrakda bolan dürli hüjümlerde 22 adamyň heläk bolup, 45 töwereginiň ýaralananlygy baradaky wakadan soň düýn Žurnalistlere beren interwýusynda öňe sürdi.
Emma ol mundan öňki ýyllar bilen deňeşdirilende Yrakda Al-Kaýda toparynyň güýjüniň aşa gowşanlygyny hem malim etdi.