1999-njy ýylyň 9-njy awgustynda prezident Boris Ýeltsin il içinde kän bir tanalmaýan, öňki KGB-niň işgäri Wladimir Putini 18 aýyň içindäki özüniň 5-nji premýer-ministri wezipesine belledi.
Prezident Ýeltsin Federal Howpsuzlyk Gullugynyň 46 ýaşly başlygyny premýer-ministr wezipesine bellemek bilen çäklenmändi. Ol jemgyýetiň öňünde çykyş edip, öz ornuna Putiniň geçmegini isleýänligini hem duýdurypdy.
Bir adam tarapyndan dolandyrylýan syýasy sistemaly Orsýet üçin bu örän möhüm beýannama bolupdy.
Şonda premýer-ministr wezipesinden çekilmeli bolan Sergeý Stepaşin žurnalistlere şeýle diýipdi: “Irden men prezidentiň ýanyna bardym. Ol meniň wezipämden çekilýänligim baradaky permana gol çekdi. Gowy işlänim üçin minnetdarlyk bildirip, işden boşatdy. Bu wezipäni ýerine ýetiriji edilip, Howpsuzlyk Sowetiniň sekretary we FSB-niň müdiri Wladimir Wladimirowiç Putin bellendi. Men ony arassa we mynasyp adam hasap edýärin. Meniň oňa rowaçlyk arzuw edesim gelýär. Diňe rowaçlyk, sebäbi başgasy onuň özünde bar”.
Sergeý Stepaşiniň şeýle bilgiçligini şol döwürde aňan köp bolmasa-da, on ýylyň geçmegi bilen premýer-ministr wezipesinden prezidentlige geçen we soň ýene premýer-ministr bolan Putin barha güýçlenýän Orsýetiň şek ýetirip bolmajak liderine öwrüldi.
10 ýyl mundan öň...
Emma 1999-njy ýylda Orsýet häzirkisinden çürt-kesik tapawutlanýan ýurtdy. Şol ýylyň 16-njy awgustynda Ýeltsiniň karary Döwlet Dumasynda uly bolmadyk ses köpçüligi tarapyndan makullanan hem bolsa, oňa 84 adam garşy çykyp, ýene 88 adam saklanypdy. Şeýle ýagdaýy prezidente tabyn parlamentli şu günki Orsýetde göz öňüne getirmek kyn.
Başda Putin özüne ynam etmeýän adam bolup görnüpdi. Ol žurnalistler bilen gepleşende çekinýärdi we ýagdaýa doly gözegçilik edýäne meňzeýän, şu günki özüne ynamly we berk liderden örän tapawutlanýardy.
Putiniň premýer-ministr wezipesine geçmegi bilen ýurtda bar bolan ähli kynçylyklary-da öz üstüne aldy. Şol döwürde ykdysadyýet örän agyr ýagdaýdady. Ýurduň daşarky bergileri agyrlaşýardy. Gozgalaňçy Çeçenistanyň söweşijileri bolsa, goňşy Dagystana güýçli hüjüme başlapdy. 1-nji oktýabrda Orsýetiň goşuny ikinji gezek Çeçenistana girdi. Şonda Demirgazyk Kawkaz respublikasyndaky birinji urşuň tamamlananyna 3 ýyl geçipdi.
Orsýet jemgyýetçiligi we syýasy elitanyň uly bölegi täze hökümetiň daşyna jemlendi. Birnäçe aýyň dowamynda Putin berk we aýgytly häsiýetini görkezdi. Hut şol häsiýetler soň onuň şahsy aýratynlyklaryna öwrüldi.
Galdyrylan miras
Putiniň häkimiýet başyndaky on ýyllyk döwrüne ählitaraplaýyn baha berlende, Ýeltsin döwri oňa nähili miras galdyrdy diýen sowala gezek gelende, garaýyşlar tapawutlanýar. “Täze sowuk uruş” atly kitabyň awtory we şol döwürde “The Economist” žurnalynyň Moskwadaky býurosynyň ýolbaşçysy bolan Edward Lukas, şol wagtky Orsýet jemgyýetçiliginiň krizis ýagdaýyndan we Ýeltsiniň ejizliginden hem merkezi hökümetiň ukypsyzlygyndan ýadawlyk bilen tapawutlananlygyny aýdýar.
Lukasyň pikirine görä, “şonda täze bir başlangyja uly zerurlyk bolupdy we paýhasly, yhlasly hem bilimli Putin mundan öz bähbidi üçin peýdalandy”.
Putiniň tarapdarlary bolsa, Orsýetiň dargamak howpunyň astynda bolanalygyny aýdýarlar. Şeýle-de, täsirli oligarhlaryň, ilkinji nobatda-da Boris Berezowskiniň hem Wladimir Gusinskiniň, öňüniň alynmagyna zerurlygyň bolanalygyny belleýärler.
Başga bir tarapdan Kremliň tankytçylary, şol sanda syýasty öwreniji Dmitriý Oreşkin 1999-njy ýylda Orsýetiň güýçly ykdysady çökgünlilikden ösüş ýoluna gadam basanlygyny aýdýarlar.
Oreşkin şol döwürde ýurtda demokratik sistemanyň we açyk jemgyýetiň düýbüniň tutulanlygyny, emma munuň soň Putin tarapyndan çäklendirilenligini belleýär. “Onuň ýurdy demokratiýa we ykdysady taýdan ösüş ýolunda öz eline alyp, ony Latyn Amerika mahsus geljegi alasarmyk döwlete öwürenligini aýtmak mümkin” diýip, Dmitriý Oreşkin aýtdy.