Ukraina özüniň Russiýa bilen serhedine uzynlygy 2000 kilometre we bahasy 150 million dollara barabar bolan diwary gurmagy planlaşdyrýar.
Sosial saýtlarda öňki sowet respublikasyndaky tanymal syýasatçylaryň ençemesiniň uly göwrümde muşdaklary bar. Facebook, Instagram, Twitter we VKontakte sosial saýtlarynda olaryň haýsy iň meşhur?
Eýran halkara ykdysady sanksiýalardan ýuwaş-ýuwaşdan halas bolýan mahaly, Tähran global bazaryna integrasiýa bolmak üçin uly mümkinçiliklerinden peýdalanmak isleýär. Käbir günbatarly ekspertler on ýylyň dowamynda Eýranyň Jemi içerki önümiň ösüşi (GDP) boýunça Türkiýäni we Saud Arabystanyny geçip biljek kuwwata eýedigini öňe sürýärler. Eýranyň dünýä ykdysadyýetine ykjam ornaşyp bilmegine haýsy faktorlar ýardam edip biler?
2050-nji ýyla çenli öňüni alyş çäreleri amala aşyrylmasa, onda okeanda balykdan köp plastika serişdeler agdyklyk eder. Plastika serişdeleriň 95%-i zyňylmazdan ozal diňe bir gezek ulanylýar.
Orsýetiň esasy eksport serişdeleriniň biri bolan nebitiň bahasy häzirki wagtda pese gaçyp, ol soňky 11 ýylyň dowamynda iň pes derejesine ýetýär. Eger nebit dükanlarda satylýan bolsady, onda onuň 1 litri bir çüýşe suwdan hem arzan bolardy.
2015-nji ýylda öňki sowet respublikalarynyň ençemesi öz milli pul birliginiň hümmetini ýitirdi. Olaryň arasynda Azerbaýjan iň birinji orunda ýerleşýär. Azatlyk Radiosy öňki sowet ýurtlarynda puluň hümmetsizlenmegi barada maglumat berýän ýörite infografik taýýarlady.
Öňki sowet respublikalarynyň arasynda iň köp aýlyk alýan mugallymlar Estoniýada, iň pes aýlyk alýan mugallymlar bolsa Gyrgyzystanda ýerleşýär. Ýagny Estoniýada mugallymlar $969, Gyrgyzystanda $105 möçberinde aýlyk alýarlar. Azatlyk Radiosy öňki sowet ýurtlarynda mugallymlaryň alýan ortaça aýlyk haklary barada ýörite infografik taýýarlady.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda ençeme obýekt Ginnessiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Olaryň arasynda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar, “Älem” medeni-dynç alyş merkezi ýaly desgalar bar. Azatlyk Radiosy şol desgalaryň käbirleri barada maglumat berýän infografik taýýarlady.
Birleşen Ştatlaryň Maliýe departamenti “Yslam döwleti” atly toparyň nebitden günde 1,4 million amerikan dollaryny gazanýandygyny çaklaýar. “Yslam döwleti” toparyndan nebiti kim satyn alýar we ol nirä baryp ýetýär?
Geçen aý “Global Fire Power” websaýty dünýäniň 126 ýurdunyň harby pudagy we harby tehnikalary barada maglumat berýän hasabaty çap etdi. Bu hasabatda Türkmenistanyň harby güýçleri we tehnikalary barada hem maglumat berilýär. Azatlyk Radiosy bu maglumatlar esasynda ýörite infografik taýýarlady.
Ýakynda Golland hökümetiniň häzirki Şengen zonasynyň içinde “kiçi-Şengeni” döretmek pikirini maslahat edendigi habar berilýär. Muňa laýyklykda, bäş ýurduň serhetlerinde pasport barlagyny dikeltmek göz öňünde tutulýandygy aýdylýar. Eger bu düzgün güýje girizilse, ol aşakdaky görnüşde bolar.
Türkmenistanyň Daşoguz welaýaty 1 adama hasaplanda ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany bilen üpjünçiligi boýunça ýurtda birinji orunda durýar. Azatlyk Radiosy ýurduň Aşgabat şäherindäki we welaýatlaryndaky 1 adama hasaplanda ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany bilen üpjünçiligi barada ýörite infografik taýýarlady. (Çeşme: Türkmenistanyň Statistika baradaky komiteti)
Ýene-de ýükle