BACK TO TOP
Ginnessiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ençeme obýekt Ginnessiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Olaryň arasynda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar, “Älem” medeni-dynç alyş merkezi ýaly desgalar bar. Azatlyk Radiosy şol desgalaryň käbirleri barada maglumat berýän infografik taýýarlady.



“Altyn Asyr” halysy
Baharlynyň çeper halyçylyk fabriginde dokalan “Altyn Asyr” halysy dünýäde iň uly el halysy hökmünde 2003-nji ýylda Ginnessiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň meýdany 301 inedördül metre, möçberi 14 we 20 metre, agramy bolsa bir ýarym tonna barabardyr. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygynyň bellenilýän gününe gabatlanyp, 40 sany halyçy gelin-gyzlar tarapyndan dokaldy. Olar sekiz aýda bu halyda 120 million çitim çitdiler. Häzirki wagtda bu halynyň öz rekord derejesini saklap-saklamaýandygy barada maglumat tapmak başartmady.



“Köpçülik ýerinde jemlenen iň köp suw çüwdürimler toplumy”
2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabadyň Oguz hanyň we onuň ogullarynyň bürünç heýkelleri ornaşdyrylan suw çüwdürimler toplumy köpçülik ýerinde jemlenen iň köp suw çüwdürimler toplumy hökmünde Ginnessiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu desganyň häzirki wagtda öz rekord derejesini saklap-saklamaýandygy barada maglumat tapmak başartmady.



“Baş baýdak”
2008-nji ýylyň iýunynda Aşgabadyň Döwlet muzeýiniň öňünde dikilen 133 metrlik “Baş Baýdak” dünýäde iň belent baýdak göterijide – flagştokda ornaşdyrylan Baýdak hökmünde Ginnessiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Häzirki wagtda bu rekord derejesini Täjigistan öz elinde saklaýar.




“Älem” medeni-dynç alyş merkezi
Aşgabatdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkezi iň uly, ýapyk görnüşli aýlanýan syn ediş hiňňildiginiň dünýä rekordy hökmünde ykrar edilip, 2012-nji ýylyň 30-njy aprelinde Ginnessiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu desganyň umumy gurluşyk meýdany 26 000 inedördül metre golaý, beýikligi 95 metre ýetýär.




“Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi
Aşgabadyň “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi “Iň uly arhitektura ýyldyzy” diýen at bilen 2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Ginnessiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu desganyň beýikligi 211 metr bolup, onuň içki desgalarynyň tutýan umumy meýdany 60 müň inedördül metrden gowrakdyr.




G.Berdimuhamedowyň ‘aýdymy’
2015-nji ýylyň 26-njy noýabrynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna düzülendigi aýdylýan “Öňe, öňe, diňe öňe, jan watanym – Türkmenistan” atly aýdym 4166 adamyň gatnaşmagynda bilelikde aýdylan aýdym kesgitlemesi bilen “Ginness rekordlar kitabyna” girdi. Bu çäre Mary welaýatyndaky Ak öýde amala şayryldy.




“Dünýäniň iň uly bronz rölýefi”
Aşgabatda gurulýan “Ýadygärlik” seýilgähiniň çägindäki muzeýiň binasynyň daşynda ýerleşýän 15 rölýefiň, ýagny haýatyň ýüzüne oýulyp edilen güberdik heýkeliň ýa-da sungat eseriniň iň ulusy “Dünýäniň iň uly bronz rölýefi” kesgitlemesi bilen “Ginness rekordlar kitabyna” girmäge hukuk gazandy. Bu barada bu desganyň gurluşygyny amala aşyrýan türk Polimeks kompaniýasy habar berýär. Bu rölýefiň ululygy 117,84 kwadrat metre deňdir. Gurluşyk meýdany 6,500 kwadrat metre barabar bolan muzeý “Gökdepe söweşi” we “1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesi” diýen iki bölüme bölünýär. Bu desganyň doly haçan açyljakdygy barada maglumat berilmeýär.


Çeşme: “Ginnessiň Bütindünýä rekordlary” websaýty, “Aşgabat ginnessiň rekordlar kitabynda”




Azatlyk Radiosynyň maglumatlary esasynda
"Pangea Design Team" tarapyndan taýýarlanyldy