Eýran halkara ykdysady sanksiýalardan ýuwaş-ýuwaşdan halas bolýan mahaly, Tähran global bazaryna integrasiýa bolmak üçin uly mümkinçiliklerinden peýdalanmak isleýär. Käbir günbatarly ekspertler on ýylyň dowamynda Eýranyň Jemi içerki önümiň ösüşi (GDP) boýunça Türkiýäni we Saud Arabystanyny geçip biljek kuwwata eýedigini öňe sürýärler. Eýranyň dünýä ykdysadyýetine ykjam ornaşyp bilmegine haýsy faktorlar ýardam edip biler?
Ýadro programmasy sebäpli BMG-niň we Günbatar ýurtlarynyň ençeme ýyllap girizen sanksiýalaryna seretmezden, Eýranyň ykdysadyýeti Jemi içerki önümiň ösüşi boýunça dünýäde 29-njy orunda durýar. Bu hem Eýranyň goňşy ýurtlarynyň köpüsinden has ýokarydyr. 80 milliona ýakyn ilaty bolan Eýran, Ýakyn Gündogarda iň uly zähmet güýji we ullakan içerki bazara eýe bolan ýurtlaryň biridir.
Eýranyň ilaty Günbatar ýurtlaryndan we hatda Russiýa we Hytaý ýaly ýaly ösüp barýan ykdysadyýete eýe bolan birnäçe döwletden hem ýaşdyr. Eýranda umumy ortaça ýaş 28,8-dir, bu görkeziji Germaniýada 46,1 töweregindedir. 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasyndan soňra, hökümet ilaty artdyrmagy baş maksat edip, eýranlylary ir nikalaşmaga höweslendirdi. Eýranyň uly göwrümli işleýän ýaşdaky ilaty bolup, onuň bu aýratynlygy tiz garraýan ilatly Günbatar ýurtlaryna görä artykmaçlykdyr.
Eýran 21-nji asyrda bäsleşige girmek isleýän bolsa ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaly. Onuň 2014-nji ýyldaky eksportynyň 80%-ni nebit we mineral önümleri emele getirýär. Bu ýagdaý dünýäde çig mal bahalarynyň üýtgäp durýan döwründe uly täsir görýän ýurtlara, ýagny Saud Arabystan we Katar ýaly nebite baý bolan döwletler bilen deňeşdirilip bilner. Nebit bahalaryny esaslandyryjy bolan Eýranyň ykdysadyýetiniň üstünligi, ösen ykdysadyýete eýe bolan ýurtlar bilen bäsleşip bilijilik ukybyna bagly.
Sanksiýalaryň gowşadylmagy dünýäde Eýranyň kompaniýalarynyň biznes mümkinçiliklerini has hem giňelder. Birnäçe ýewropaly kompaniýalar bu täze bazara girmek üçin pursada garaşýarlar. Yslam rewolýusiýasyndan bäri amala aşyrylman gelinýän iň irki ylalaşyklardan birinde “Iran Air” howaýollary kompaniýasy üçin 118 sany “Airbus” kysymly ýolagçy uçaryny satyn almak üçin ylalaşyga gelindi.
Müsür we Hytaý ýaly ösüp barýan ykdysadyýete eýe bolan ýurtlara görä Eýranyň orta gatlagy has köpdür. Eýranly ýaşlaryň gymmatbaha harytlara bolan islegleri günsaýyn artýar. Adaty bazarlar brend harytlar bilen doly bolan günbatar tipli söwda merkezleri bilen bäsleşmäge mejbur bolýarlar. “Benetton” ýaly käbir ýokary hilli günbatar brendleri bolsa, ozaldan hem Tähranda satuw dükanlaryny açypdy.